“Instagram”-yň täze şa zenany boldy

Iň ýaş özbaşdak milliarderleriň (Öz-özüni ýasaýan milliarder) sanawynda duran Kylie Jenner täze ada eýe boldy. Hakyky şow ýyldyzyndan işewür zenana geçen “Kylie Cosmetics” -iň eýesi, 300 million “Instagram” yzarlaýjysyna ýeten ilkinji zenan boldy.Jenner-Kardaşian maşgalasynyň iň ýaş agzasy Kylie Jenner, sosial media platformasy “Instagram”-da 300 million “Instagram” yzarlaýjysyna ýeten ilkinji aýal boldy.

“Instagram” -yň täze şa aýalynyň ady, Kristiano Ronaldodan (388 million) soň şeýle köp sanly yzarlanylýan ikinji adam bolýar. “Instagram” -yň resmi hasaby 460 million bilen platformanyň iň köp yzarlanylýan hasabydyr.

Kosmetika millioneri Kylie Jenner, “Instagram” girdejileri sebäpli dünýädäki iň ýaş milliarder bolmaga mümkinçilik döredýän kompaniýasyny esaslandyrandygyny mälim etdi. Bu sözleriň aňyrsynda, “Forbes” tarapyndan 2019-njy we 2020-nji ýyllarda iň ýaş özbaşdak milliarder (Özüni ýasaýan milliarder) saýlanandan soň, girdejiniň hakykaty görkezmeýändigini göz öňünde tutup, baýlygy barlanypdy.

Kylie Kristen Jenner (1997-nji ýylyň 10-njy awgusty, Kaliforniýanyň Los-Anjeles şäherinde) işewür aýal, model we teleýaýlym şahsyýeti. Kosmetika markasy “Kylie Cosmetics” we “KylieSkin” derisini bejermek markasynyň düýbüni tutujy we eýesidir. 2019-njy ýylda “Forbes” žurnalynyň yglan eden sanawynda 1 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň ýaş milliarderi bolupdy.

Kylie ilkinji gezek “Paper Magazine” žurnalynda “Beautiful people” adynda aýal dogany Kendall bilen surata düşdi. Jenner 14 ýaşynda model karýerasyna “Crush Your Style” setirinden başlady we doganoglany Nataşanyň egin-eşik kompaniýasyna nusga boldy. 2011-nji ýylda aýal dogany Kendall bilen “Seventeen” žurnaly tarapyndan “Stil ilçileri” bolup saýlandy. 2011-nji ýylda aýdymçy Awril Lawigne tarapyndan Nýu-Ýork moda hepdeliginde esaslandyrylan egin-eşik markasy Abbey Dawn-iň çykyşyny ýerine ýetirdi. 2013-nji ýylda dogany Kendall bilen “Kendall & Kylie” geýim kolleksiýasyny döretdiler. 2014-nji ýylyň fewral aýynda dogany Kendall bilen “Stiw Madden Madden Girl” markasy üçin aýakgap we sumka dizaýn edip başlady. 2015-nji ýylyň awgust aýynda Jenner özüni “Kylie Lip Kit Kit” pomada toplumynyň bir bölegi hökmünde ilkinji pomada markasynyň önümçiliginiň başlandygyny habar berdi.

 

Eplenýän smartfonlarda bäsdeşlik barha artýar



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar