TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Küýze ösümligi

Ýer ýüzünde täsin ösümlikleriň birnäçesi duş gelýär. Tebigatda diňe haýwanlar ösümlikler bilen iýmitlenmän, ösümlikler hem haýwanlar, mör-möjekler bilen iýmitlenip bilýärler. Şular ýaly ýabany ösümlikleriň biri hem küýze ösümligidir. Küýze ösümliginiň beýleki ösümliklerden esasy tapawudy onuň “ýyrtyjy” bolmagydyr.1835-nji ýylda Piter Willem Kortals küýze ösümliginiň ýyrtyjylyk häsiýetini suratlandyrdy. Küýze ösümliginiň aglaba bölegi gyrymsy we ýarym gyrymsy lianlar, çyglylygy halaýan ösümliklerdir.Olar esasanam, tropiki Aziýada, Kalimantan, Madakaskar adalarynda we täze Gwineýanyň gündogar böleginde duş gelýär. Ösümligiň ýapraklary  uly we nobatlaýyn ýerleşen. Olar özleriniň küýzeleri bilen bellidirler we küýze ösümligi ady hem şundan gelip çykandyr. Ösümligiň küýzeleri dürli ululykda bolup 2.5-30 sm aralygynda bolýar. Küýze ösümligi  üstüne gonan mör-möjekleri we gemrijileri ýiti ysly şepbeşiginde eredip, özlerini azot bilen üpjün edýärler. Çanaklarynyň üstündäki “gapajyklary” olary ýagyş ýaganda şepbigiň düzüminiň üýtgemeginden goraýar.

Gülnur Otyzowa

TOHI-niň talyby.

 

9-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy ýokarydyr

Dialog — parahatçylygyň kepili

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Teswirle