TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Kutadgu Bilig :Beýannama

 

 

1

Ugan bir bayat ol kamugda oza,
öküş hamd-u ögdi anar ok seza.

1.Okgan bir Baýat[1] ol, hemmeden oza,

Oňa şükür, laýyk ol öwgüli söze

2

Uluğluk idisi ugan zül-celal,

yaratgan törütgen me kadir kemal.

2.Uluglyk eýesi beýik Zül-jelal,

Ýaradan, döreden hem kadyr kemal.

3

Ay yer kök idisi halayık bile,

ruzini anutmış yigil sen küle.

3.Aý, ýer, gök eýesi halaýyk bile,

Rysgyňy eçilen, iýgil, sen güle.

4

Sakışsız birigli kamuğka ruzi

yitürür kamugnı ma yimez özi.

4.Sanagsyz berer ol hemmä azygy,

Iýdirer hemmäni, hiç iýmez özi.

5

Açın kodmaz hergiz kamuğ tınlığığ,

yitürür içürür tözi sanlığığ.

5.Hergiz aç goýmaz ol, janly barçany,

Iýdirer, içirer, bar bolsa jany.

6.

Ne teg kim tiledi me boldı kamuğ,

kimi kim tilese kılur ol uluğ.

6.Kim näme diledi, oň boldy bary,

Kime dileg etse, ulaltdy olary.

7

Dürud ol ödürmiş resülka selam,

yine işleringe selam hem ulam.

7.Ilhalar resulga müň günlük salam,

Ýene deň-duşlarna salamly kelam.

8

Muhammed yalavaç halayık başı,

kamuğ barçalarka ol ol köz kaşı.

8.Muhammet pygamber – halaýyk başy,

Bütin barçalaryň ol gözi-gaşy.

9

Yime bu kitab ol idi ök aziz,

biligligke bolgay biligdin teňiz.

9.Ine, bu kitapdyr, köp zatdan eziz,

Bilimlige bolgaý bilimden deňiz.

10

Bezenmiş ağırlığ biligler bile,

kalı kim şükür kıl kanaat tile.

10.Bezelen agrasly bilimler bile,

Oňa şükür kylyp, kanagat dile!

11

Kamuğ barçasınga bügüler sözi,

tizip yinçüleyü kamuğ tüp tüzi.

11.Bütin barçasynda beýikleň sözi,

Sapyp hünjileýin, baryn düp-düzüw.

12

Bu meşrik meliki maçinlar begi,

biliglig ukuşluğ ajunda yigi.

12.Bu maşryk mäligi maçynlar begi,

Bilimli, üşükli dünýäniň ýegi.

13

Kamuğ bu kitabnı alıp özlemiş,

hazine içine urup kizlemiş.

13. Bu kitaby bary küýsäp, uzlapdyr,

Hazynaň içine urup gizläpdir.

14

Birindin biringe miraslar kalıp,

adınlarka birmez özinge alıp.

14.Birinden-birine miraslar galan,

Aýrylara bermez, özüne alan.

15

Asığlığ turur bu yok ol hiç yası,

öküş türkler ukmaz munuň manisi.

15.Bähbitlidir asla ýokdur zyýany,

Köp türkler almandyr ondan bir many.

16

Kitabdın eşitgen bilür uş anı,

okıgan bitigen ukumaz munı.

16.Kitapdan eşitgen biler bir many,

Okygan, petigen[2] aňlamaz muny.

17

Eliğ köz tutar kör kitab sözleri,

ikigün ajunda iter işleri.

17.El, göz bolar, gör, kitabyň sözleri,

Iki dünýä ýeter iş-wagyzlary.

18

Maçinler hakimi bu çin yumğısı,

tözü barça aymış munıň yakşısı.

18.Maçynlar häkimi, Çiniň serdary,

Barça öwmüş, bolup oň hyrydary.

19

Bu meşrik ilinde kamuğ türk-ü-çin,

munı teg kitab yok ajunda adın.

19.Bu maşryk ilinde, türkde hem Çinde,

Munuň dek kitap ýok älem-jahanda.

20

Kitab kadrini me biliglig bilir,

ukuşsuz kişidin adın ne gelir.

20.Kitap gadyryny bilimli biler,

Üşüksiz kişiden, soraň, ne geler?

21

Ay tegme kişike kitab birmegü,

apaň, dostuň erse imin bolmagy.

21.Degimsize asla kitap bermegin,

Apaň, dostuň bolsa, emin görmegin.

22

Neteg kim biligsiz bilümez munı,

ukuşlug ukupan küzetür anı.

22.Bilimsize diýseň, ol muny bilmez,

Üşükli düşünip, hiç gözden salmaz.

23

Bu buğra han vakıtı içre anı,

yime han tilinçe bu aymış munı.

23.Bugra Han wagtynda ýazanlar ony,

Ýene han dilinde bezänler muny.

24

Munı teg kitabnı kim aymış oza,

kidin me kim aygay munı teg uza.

24.Munuň dek kitaby kim ýazan ozal,

Ýazjagyň şanyna düzeýin gazal.

25

Kim erse munı teg itermü kanı,

itigli bar erse öger men anı.

25.Kim bolsa munuň dek eder men, hany?

Eder men bar bolsa öwer men ony.

26

Kayu kend uluş ordu karşı yire,

kitabka öňin at atamışlara. 

26.Kentde, ýurtda, saraýda ýa-da,

Kitap eýe bolan dürlüçe ada.

27

Ol ilniň bügüsi hakimi turup,

at urmuş ol ilniň törüçe körüp.

27.Ol iliň beýigi, häkimi duýup,

At beren ol iliň töresne uýup.

28

Çiniler edebül-müluk tip ayar,

maçinlar enisül-memalik atar. 

28.Çinliler “Edebül-müluk” at goýan,

Maçynlar “Enisül-memalik” diýen.

29

Bu meşrik ilinde uluglar munı,

zinetül-ümera tiyürler köni.

29.Bu maşryk ilinde ulular muny,

“Zinetül-ümera” diýerler göni.

30

İranlığlar şahname tirler muňar,

turanlığ Kutadgu bilig tip ukar.

30.Eýranlylar diýer oňa “Şanama”,

“Kutadgu bilig” goýan turanly dana!

31

Ne türlüg bu sözler öňin tildeki,

kigürmiş muňar kör kamug ildeki.

31.Dürli sözler tapan oňa her bir dil,

Özüçe adalga beren her bir il.

32

Yime bu kitabka at urmuş uluğ,

bayat yarlıkasu ol edgü kuluğ.

32.Kitaba at goýan il ululary,

Baýat ýalkasyn ol ýagşy gullary!

33

Ay ol bu kitabka kabul boldukı,

bu türkler tilinde aceb kördüki.

33.Kitaby kabullap ýüze sylanlar,

Türkleriň dilini ajap bilenler.

34

Yine bu kitab kör kamugka yarar,

meliklerke artuk ilig kend tutar.

34.Ýene bu kitap gör, barçana ýarar,

Mälikler üçinem il-gün dek durar.

35

Kim ol ma bu mülkni tutuğlı kayu,

kereklig anar bu hakimler ayu.

35.Bir mülküň soltany kim bolup biler?

Olara gerekli zatlar nämeler?

36

Melikler korugı ma esbab tüze,

bu tertib-ü şartı emaret öze.

36.Mälikler goragy, esbaplar, düzgün,

Mülküň şertleriniň tertibin çyzgyn.

37

Bu mülkniň harabı bekası nedin,

ya mülket kalurı barurı adın.

37.Bu mülküň haraby, nedir teýkary,

Girdejiň, çykdajyň düzgüni bary.

38

Yime bu çerig sü er at ma kamuğ,

negü teg tirilgü yir bulğu yoluğ.

38.Ýene hem goşundyr esgerdir häli,

Anyk düzgünleri, bardyr öz ýoly.

39

Munıň tertibin me kitabda aça,

adırmış ödürmiş kamuğnı seçe.

39.Munuň tertibini bu kitap açýar,

Gerekli düzgüni şöhle dek saçýar.

40

Yana berk bu mülkni tutuglı kişi,

yarağlığ erenke buyurdı işi.

40.Mülki öz elinde berk tutjak kişi,

Ýaramly ärlere buýurdy işi.

41

Kereklig ukuşluğ birisi oňay,

Yulaka negü teg açığ kıldı ay.

41.Gerekli üşüklik, birisi oňaý,

Çyradan neneňsi aýdyňdyr bu aý.

42

Budunnıň hakı bar melikler öze,

melikniň hakı ma budundın tüze. 

42.Halkyň haky bardyr mälik öňünde,

Mälige-de hak bar halkyň deňinde.

43

Yine bu raiyyet küdezgü anı,

melik me küzetse teni me canı.

43.Bu raýat gözetse onuň hakyny,

Mälik hem gözetse, jan bilen teni.

44

Kayu ol melik kim tokuş kılgunı,

uruşlar ödinde çerig tüzgüni.

44.Mälik berer buýruk bilen ýazgyny,

Uruşlar wagtynda harby düzgüni.

45

Ayur kör negü teg itingü hile,

bu düşman çerigin sığuka tile.

45.Aýdar gör, neneňsi gurmany hile,

Nädip duşman esgerin salmaly ele.

46

Melikke negü teg itingü kerek,

özi teg budunlar könülgü kerek.

46.Mälige neneň iş etmeler gerek,

Özi dek halky-da köňülli gerek.

47

Bu yaňlığ melikni budunlar sever,

yüzini körey tip adınlar iver.

47.Bu ýaly mäligi halklar-da söýer,

Ýüzün göreý diýip gaýrylar äwer.

48

Kutı bar yakın tip tapuğ kılğuka,

kimini yağutup yırak kovğuka. 

48.Guty barmy, ýakynyňa almaly,

Gutsuzy kow, ondan yrak bolmaly.

49

Bir ança bekitip yakın tutgunı,

bu kutsuz yavuz tip yırak salgunı.

49.Birnäçän bekidip ýakyn tutmaly,

Gutsuzy ýawuz diýp, yrak etmeli.

50

Yana bir siyaset başın kesgüke,

ikinçi firaset köňül birgüke.

50.Ýene bir syýasat – başyn gyrmaly,

Ikinji parasat-köňül bermeli.

51

Ukuşluğ biliglig toňa alp yürek,

hazine tolulap akıtgu kerek.

51.Üşükli, bilimli, batyr alp ýürek,

Gaznany dolduryp, akytmak gerek.

52

Raiyyetka bolsa öküş takati,

kamuğ iş içinde bulur rahaty.

52.Raýata guwanyp, bolsa takaty,

Bütin iş içinde tapar rahaty.

53

Bu kaç harfkına men kumaru saňa,

kodundum unıtma dua kıl maňa.

53.Birnäçe söz menden nesihat saňa,

Goýdum unutmagyn, doga et maňa.

54

Baka kör kitabnı bu tirgen kişi,

hünerlıg er ermiş kişiler başı.  

54.Bakyp gör, kitaby agtaran kişi,

Hünärli är eken, kişiler başy.

55

Bu türlüg fazayil ukuşlar bile,

Araste ol ermiş yorımış küle.

55.Bu dürli edeplik, üşüklik bile,

Arassa bolan ol güler ýüz bile.

56

Bütünlük me hurmet bu zühdlığ öze,

sakınuk biliglig arığlığ oza.

56.Agzybir, hormatly, takwady kişi,

Hem ary, hem dana, paýhasly başy.

57

Bu teňi turuğlağ kuz ordu ili,

tüp aslı nesebdin yorımış tili.

57.Oturýan ýeridir Guz-Ordy ili,

Düýp asly halalhon hem süýji dili.

58

Bu toğmış ilindin çıkıp barganı,

kitabnı koşupan tükel kılganı.

58.Bu dogduk ilinden çykyp barandyr,

Kitaby goşuban tükel berendir.

59

Barusın bitimiş yetürmiş nizam,

Bu kaşgar ilinde koşulmış temam.

59.Barysyn petekläp, ýetirmiş nyzam,

Bu Kaşgar ilinde goşulan tamam.

60

Melikniň öňinde okımış munı,

bu tavgaç kara buğra hanlar hanı.

60.Mäligiň öňünde okanmyş muny,

Bu Tabgaç Gara Bugra hanlar hany.

61

Ağırlamış artuk öküş hilati,

kalemniň hakı tip ukuş hurmeti.

61.Agyrlanmyş serpaý, ençe halatlap,

Galam haky diýip, uly hormatlap.

62

Bu has hacib atın tegürmiş muňa,

munı bu öziňe yağutmış yana.

62.Bu Has Hajyp adyn beripdir muňa,

Özne ýakyn tutup, çeken ýanyna.

63

Bu mani üçün kör ağırlar anı,

yusuf has hacib tip ayurlar köni.

63.Bu many üçin gör agyrlar ony,

Ýusup Has Hajyp diýp aýdarlar göni.

64

Yana bu kitabnıň beyanın ayur,

bu tört nik şerifler özele kılur.

64.Ýene bu kitabyň beýanyn eder,

Bu dört sütün bilen aýanyn eder.

65

Birisi me adl ol könilik öze,

ikinçi bu devlet kut ikbal tüze.

65.Birisi – adyllyk, gönülik sözi,

Ikinji bu döwlet – gut, ykbal özi.

66

Üçünçi hired ol uluğluk bile,

törtünçi kanaat ve afyet bile.

66.Üçünjisi – üşük, uluglyk bile,

Dördünji – kanagat, bereket dile!

67

Bu tegme biringe at urmış öngin,

bu yanglığ atını atamış kidin.

67.Hersine aýratyn at hem dakypdyr,

Kitaba-da şol at bilen çykypdyr.

68

Adilka kün toğdı ilig tip atar,

anı kör meliklik kurınga tutar.

68.Adyla – Gündogdy, han, soltan diýer,

Göriň, muny mälik ýerine goýar.

69

Bu ay toldı devlet atanur köni,

vezirlik yiringe tutar kör munı.

69.Aýdoldy – döwletdir, gönüden-göni,

Wezirlik ýerini tutar, gör, muny.

70

Hiredka atadı bu ol ögdülmiş,

munı ma vezirning oğlı tip timiş.

70.Üşüge at beren, bu ol Ögdülmiş,

Weziriň öz ogly, dogmasy diýmiş.

71

Kanagatka odğurmış atı birür,

mungar ma vezirning yağukı tiyür.

71.Kanagata berenmiş – Odgurmyş ady,

Ol weziriň garyndaşy, ýakyn bir zady.

72

Munıng hikmeti kör bu tört neng öze,

kitabnı tüketmiş bularnı tüze.

72.Munuň hikmeti gör, bu dört sütün deý,

Kitaby tüketmiş şolar bütinleý.

73

Arabça tejikçe kitablar öküş,

bizing tilimizçe bu yumğı ukuş.

73.Arapça, täjikçe kitaplar köpdür,

Biziň dilimizçe bu kitap täkdir.

74

Biliglig bilür ol munıng hurmeti,

ukuşluğ ukar ol bilig kıymeti.

74.Bilimli bilýändir munuň hormatyn,

Üşükli aňlaýar bilmiň gymmatyn.

75

Bu türkçe koşuğlar tüzettim sanga,

okırda unıtma dua kıl manga.

75.Bu türkçe goşugy men düzdüm saňa,

Oka-da unutma, doga kyl maňa.

76

Barur men ajundın eşit sen özüng,

öküş ibret alğıl ma açğıl közüng.

76.Aýlanýan dünýäni eşit sen özüň,

Sapak algyl, açgyl indi sen gözüň.

77

İlahi sen ök sen tözü yarlıka,

ruzi kıl kamuğ müminlarka lika.

77.Biribarym, gora hem-de sen ýalka,

Eşret ber, nesip et, musulman halka.

 

 


[1] Baýat-Taňry, Alla manysynda

[2] okygan, petigen– haýsydyr bir okaýan ýa-da ýazan (petek eden) manysynda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle