TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Kurzawa PSŽ-de galyp biler

Çep gyraky goragçy Laýwin Kurzawa PSŽ-de galyp biler. Klub oňa şertnamany dört ýyl uzaltmagy teklip edýär. Oýunçy häzirki şertnama görä. iki esse köp aýlyk almak isleýär diýip, “France Football” habar berýär. Bu meseläniň iýul aýynyň ortalaryna çenli çözülmegine garaşylýar.

Bu möwsümde Kurzawa ähli ýaryşlarda üçin 23 oýunda bir pökgi we 2 asist etdi. PSŽ topary wagtyndan öň Fransiýanyň çempiony bolmagy başardy. Emma muňa garamazdan, topar awgust aýynda Çempionlar ligasynyň soňky ýaryşynda oýnamaly.

Laýwin Kurzawa “Monako” toparynyň oýunçysy hökmünde 2010-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Fransiýa ligasynyň kubogynyň üçünji tapgyrynda “Lans” bilen geçirilen oýunda on sekiz ýaşynda esasy toparyň düzüminde ilkinji gezek çykyş etdi. Duşuşyk “Monakonyň” iň az bal bilen ýeňmegi bilen tamamlandy. Şeýlelik-de bu topar ýaryşyň indiki tapgyryna geçmäge mümkinçilik gazandy. Üç günden soň Kurzawa 1-nji ligada ilkinji gezek “Lorient” bilen geçirilen oýunda 60-njy minutda meýdança çykdy.

2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Çempionlar ligasynyň “Anderleht” toparynyň garşysyna oýnalan (PSG 5-0 hasabynda ýeňiş gazandy) oýnunda het-trik etdi we UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda üç pökgi geçiren ilkinji goragçy bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle