SIZDEN GELENLER

Künji ýagynyň peýdaly taraplary

Özünde örän köp ýokumly maddalary saklaýan önümleriň biri künji ýagydyr. Onda A, B we E witaminleri, fosfor, mis, kalsiý, sink, magniý, ýaly elementler hem-de omega-6 we omega-9 ýag kislotalary bardyr. Ol köp keselleri bejermekde örän peýdalydyr.

1.Ganyň düzümindäki şekeriň mukdaryny durnuklaşdyrýar.

Künji ýagy süýji keselinde glýukozanyň derejesini deňleşdirip biljekdigini anyklanylypdyr. Şeýle hem ol ýokary gan basyşyny peseltmekde peýdasy uludyr.

2.Holestrini azaldýar.

Maglumatlara görä, künji ýagy adamyň ýüregine peýdaly ýag hasaplanylýar. Birnäçe ylmy-gözleg işlerinde künji ýagynyň zyýanly holestriniň derejesini biljekdigi kesgitlenilipdir. Bu ýagyň ýürek-damar ulgamyna peýdasy örän uly hasaplanylýar. Ol holestrini azaltmak bilen gan damarlaryň gatamasynyň öňüni alýar. Künji ýagynda doýmadyk ýagyň mukdary 82% -dir.

3.Süňkleriň ösüşine peýdaly.

Ýagyň düzüminde kalsiý elementiniň bolmagy süňk ulgamynyň berkemegine getirýär. Şeýle hem ýaşy uly adamlarda süňk bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almakda peýdaly ýagdyr.

4.Özüňi rahat duýmaga kömek edýär.

Maglumatlara görä, künji ýagynda beýnidäki “Bagt garmony” diýlip atlandyrylýan serotoniniň işjeňleşmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Onuň ýeterlik mukdarda bolmadyk ýagdaýynda rahatsyzlyk we dartgynly ýagdaýlar ýüze çykanda, künji ýagy adamy rahat duýmaga ýardam berýär.

5.Agyz boşlugyny we dişi zyýanly bakteriýalardan goraýar.

Künji ýagynda bakteriýlara garşy maddanyň bolmagy sebäpli, agyz boşlugyny we dişleriň saglygyny goraýar. Ol dişiň çüýremezliginiň öňüni alýar.

Adamyň ýaşaýşy üçin örän peýdaly bolan künji ýagynyň bu aýdylanlardan başga hem immun ulgamyny güýçlendirmekde, DNK-ny gorap saklamakda, bedendäki çişleri azaltmakda we deri keseleriniň öňüni almakda ähmiýeti has-da uludyr.

Annasähedowa  Aýperi

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň tayby

Iňlis dilini bilmekligiň nähili derejeleri bar?

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr