JEMGYÝET

Kubanyçbek Omuraliýew türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşan wekiliýet agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Aksakgallar geňeşiniň duşuşygynyň ilkinji gezek TDG-ä synçy döwletde geçirilmegi Türkmenistanyň bu guramada netijeli başlangyçlar bilen doganlyk türki halklaryň ýakynlaşmagyndaky tagallalara goşýan goşandyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Siziň başlyklyk etmegiňizde geçirilen Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň gurama agza ýurtlaryň hormatly aksakgallarynyň arasynda netijeli pikir alyşmalaryň özboluşly meýdançasy bolandygyny bellemäge şatdyryn. Munuň özi gymmatly pikirleriň hem-de maslahatlaryň öňe sürülmegine getirdi we olar Aksakgallar geňeşiniň jemleri boýunça kabul edilen Beýanatda öz beýanyny tapdy.

Biziň öňden gelýän ýörelgämize laýyklykda, aksakgallaryň ähli maslahatlarynyň TDG-niň daşary işler ministrleriniň Geňeşine we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna beriljekdigini Siziň Alyhezretiňize ýetirmek isleýärin. Meniň geçirilen duşuşykdaky çykyşymda belleýşim ýaly, biziň hormatly aksakgallarymyz tarapyndan öňe sürlen pikirler we maslahatlar döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan oňyn esasda kabul edilýär hem-de doganlyk türki halklaryňdyr döwletleriň jebisleşmegine netijeli itergi berýär.

Bildiren myhmansöýerligiňiz, doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine berýän goldawyňyz üçin ýene-de bir gezek hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler