TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Kriptowalýuta biržasy “Huobi” bir ulanyjysyny kosmosa iberer

Syýahatçylaryň kosmos syýahaty gün-günden barha meşhur bolýar. Ahyrynda, kriptowalýuta alyş-çalyş merkezi bolan “Huobi” lotereýanyň üsti bilen bir ulanyjysyny kosmosa iberjekdigini habar berdi. Birnäçe ýyl ozal düýş ýaly görünýän kosmos syýahatçylygy indi mümkin, ýöne gaty gymmat. Kosmosa syýahat etmek we gitmek üçin çykdajylar köp adamyň býujetinden has ýokary bolup biler.

Şeýle döwürde  kriptowalýuta alyş-çalşygy mahabat çäresi hökmünde kosmos syýahatçylygyny guramak kararyna geldi.

Hytaýda esaslandyrylan “Cryptocurrency exchange Huobi” sekizinji ýyllygyny belleýän mahaly kosmosa uçmak üçin lotereýa gurnaýar.

Öňki bar bolan we täze agzalaryň gatnaşyp biljek lotereýasynda 1 ýeňiji “Huobi Global” tarapyndan kosmosa iberiler.

Kosmos syýahatynyň bahasynyň 500 müň dollar boljakdygy aýdylýar. Ýeňiji fiziki taýýarlyk prosesini hem geçer. Şol sebäpli kompaniýa kosmos syýahatynyň şowly ýeňijisini taýýarlar we bu döwürde oňa aýlyk haky hem berler. Lotereýanyň ýeňijisi berk türgenleşiklerden we saglyk barlaglaryndan soň atmosferanyň daşky gatlagyna çykar we agyrlyk güýji bolmadyk ýerde dünýäniň ajaýyp görnüşlerinden lezzet alar.

“Huobi” toparynyň esaslandyryjysy Du Jun: “Bu global lotereýa işlerine başlamak üçin diýseň tolgunýarys. Kosmos düşünjesiniň hemmelere mümkin bolmadyk zady gazanmak mümkinçiligini bermek baradaky dünýägaraýşymyza laýyk gelýändigine ynanýarys” diýip beýanat berdi.

“Huobi Global” -yň esaslandyryjysy we baş direktory Leon Li “Sinhua” uniwersitetini gutaran kompýuter inžereneri, “Huobi”-ni esaslandyrmazdan ozal “Oracle” kompaniýasynda işläpdir.Şeýle hem kompaniýa beýleki baýraklaryň lotereýa arkaly paýlanjakdygyny mälim etdi. Bu lotereýadan başga-da, “Huobi Global” meýilleşdirýän kampaniýalary bilen ulanyjylaryna millionlarça dollar baýrak paýlar. Arzalar 16-njy dekabrda ýapylar we ýeňiji 2021-nji ýylyň 30-njy dekabrynda yglan ediler.

 

Jozef Baýdenden milli Liderimize minnetdarlyk

 

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle