Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär.

EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. 

Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgünleriniň bozulmagy baradaky tassyklama hakykata laýyk gelmeýar.

Hakykatda, Eýrany tebigy türkmen gazy bilen üpjün etmek hakyndaky şertnamanyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda EMGK tarapyndan öz üstüne alynan borçlarynyň ençeme gezek ýerine ýetirilmändigi bellenilipdi. Hususanda, Şertnamanyň esasy ýörelgeleriniň biri «take or pay» – «al ýa-da töle» bolup durýandygyna garamazdan, Eýranyň milli gaz kompaniýasy birnäçe ýyllaryň dowamynda şertlendirilen gazyň esli möçberiniň alynmagyny üpjün etmedi. Şol bir wagtda, Kompaniýa türkmen tarapyna hiç hili maliýe öwez töleglerini üpjün etmedi.

EMGK-niň geçirilen «köpsagatlyk netijesiz gepleşikler» baradaky birtaraplaýyn beýannamalary delilsiz we esassyz bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Eýranyň nebit ministrliginiň we EMGK-niň wekilleri bilen yzygiderli esasda gepleşikleriň geçirilendigini bellemelidir. Bu ugurda türkmen tarapy diňe bir uzakmöhletleýin Şertnama boýunça gazyň iberilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine gönükdirilen anyk teklipler bilen çäklenmän, gaz pudagyndaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge degişli teklipler bilen hem çykyş etdi. Türkmen tarapynyň bu konstruktiw çemeleşmeleri esasynda gaz ulgamyndaky Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeleri gazanmaga mümkinçilikler döredi.

Okap bilersiňiz  2 müň 100 tonnadan gowrak pile taýýarlandy

Kompaniýanyň «iki kompaniýalaryň arasyndaky hukuk jedeline  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatyşmagy Şertnamanyň bozulmagy» diýen belligi nädogry maglumatyň nusgasy bolup durýar.

Bu ýagdaýda kadanyň bozulmagy hiç bir düzgün boýunça esaslandyrylyp bilinmeýär. Sebäbi şuňa meňzeş meseleler söwda şertnamalarynda ýa-da ylalaşyklarynda bellenilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, hemmelere mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň daşary syýasat edarasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurduň bähbitlerini (şol sanda ykdysady), onuň raýatlarynyň we ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny goramak bolup durýar. Ýokarda agzalan meseläni şöhlelendirmekde Türkmenistanyň DIM-niň işjeňligini hut şu nukdaýnazardan düşünmeli.

  

Türkmenistanyň DIM-niň

Metbugat gullugy

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Okap bilersiňiz  "Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

Halkara gatnaşyklar instituty hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar