TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

 Ata Watanymyzyň topragy tebigatyň täsinliklerine örän baýdyr. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendagyň henize çenli açylmadyk syrlary, täsinlikleri adamlaryň we syýahatçylaryň bu ýerlere yzygiderli gelmegini gazanýar.

Tebigatyň ähli ajaýyplyklaryny daglary, çeşmeleri, jülgeleri, al-elwan güllere bürenen meýdanlary, dermanlyk ösümlikleri özünde jemleýän bu çäk ýer ýüzüniň başga ýerinde ýok bolsa gerek. Şonuň üçin 1986-njy ýylyň 11-nji iýunynda bu ýeriň tebigatyny goramak maksady bilen Köýtendag goraghanasy döredildi. Goraghananyň tutýan meýdany 27 müň gektardan gowrak bolup onuň esasy maksady ýitip ýok bolup gidip barýan ösümlikleri we haýwanlary gorap saklamakdan, bozulan ekoulgamlary dikeltmekden ybaratdyr.

Köýtendagda ýerleşýän täsin gowaklaryň, bejeriş ähmiýetli çeşmeleriň, ösümlikleriň we haýwanlaryň täsinliklerini synlamak üçin  ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermeklerine görä, bu ýere gelýän syýahatçylaryň sany gün-günden artýar.

Türkmenistan Hökümetiniň 1990-njy ýylyň 3-nji awgustyndaky Karary esasynda dag ýapgydy “Dinozawrlaryň tekiz belentligi” atly tebigy paleontologik ýadygärlik diýlip yglan edildi we ol döwlet tarapyndan resmileşdirilip gorag astyna alyndy.

                                                                                               Göwher Çöliýewa,

Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiň taryh mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle