Bilşimiz ýaly, tebigy baýlyklaryň dürli görnüşine baý künjekleriň biri-de Magdanly — Köýtendag sebitidir. Geologlaryň maglumatlaryna görä, sebitde gazylyp alynýan baýlyklaryň 40-a golaý görnüşi jemlenendir. Ägirt uly gorlara eýe kaliý duzlarynyň, selestin magdanynyň, kükürdiň, ýod-brom suwlarynyň, nahar duzunyň, gipsiň, dolomitiň, hek daşlarynyň we beýleki baýlyklaryň bolmagy olary senagat taýdan özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetindäki makalada beýan edilýär.
Sebitde reňkli metallurgiýany döretmäge mümkinçilik berýän, seýrek duş gelýän gymmatly metal magdanlaryň ençemesi bar. Şolaryň biri-de selestindir. Ol stronsiý sulfatynyň tebigy mineralydyr. Ady latynça «selestis» sözünden gelip çykyp, «asman mawy reňkli» diýmegi aňladýar. Bu magdanyň Arik, Sakyrtma känleriniň anyklanan we tassyklanan gorlary 5 million tonna barabar. Onuň düzüminde monomineral selestiniň mukdary ortaça 17 — 20 göterimdir.
Galan bölegi karbonat jynsy bolan dolomitden, ýagny kalsiý we magniý karbonatlaryndan ybaratdyr. Gorlarynyň möçberi we hiliniň ýokarylygy boýunça GDA ýurtlarynda oňa taý geljek ýokdur. Häzirki wagtda dünýäde selestiniň iň iri ýataklary Köýtendagda ýerleşýär. Ol, esasan, senagatda gymmatly metal bolan stronsiniň birleşmeleri öndürilende ulanylýar. Olardan stronsiý oksidi, karbonaty, nitraty uly meşhurlyga eýedir. Stronsiniň dürli metallar bilen erginleri aşa gatylygy, poslamaýanlygy we beýleki oňyn häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Häzirki wagtda köp ýurtlarda olar elektronikada, şahsy kompýuterlerde we beýleki tehnikalarda peýdalanylýar. Geljekde elektromobil önümçiliginde, lazer tehnikasynda, ferritleriniň esasynda elektromotorlaryň öndürilişinde-de giňden ulanylar.
Diýmek, ýakynda ekologiýa taýdan arassa elektromobilleriň köpçülikleýin öndürilip başlanmagy selestin mineralyna islegi has güýçlendirýär. Stronsiý birleşmelerini sarp edijilere, esasan, Ýaponiýa, ABŞ, Hytaý Halk Respublikasy we beýleki senagat taýdan ösen ýurtlar degişlidir. Şeýle bolansoň, selestin magdanlaryndan stronsiý önümlerini öndürmegiň möçberi-de barha artýar.