TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Köýtendag dag ekoulgamy özüne bendi edýär

Ýurdumyzyň gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendag hem özüniň owadan dereleri, täsin tebigaty we syrly gowaklary bilen birlikde, has gadymy taryhy bilen hem dünýäde bellidir. Şeýle-de, Köýtendag takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan ýeri hökmünde dünýäde meşhurdyr.

Mälim bolşy ýaly, 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda türkmen tebigatynyň bu täsin paleontologik ýadygärligini ylmy taýdan öwrenmek we onuň tebigy ýagdaýyny saklamak maksady bilen, Köýtendag döwlet goraghanasynyň Hojaýpil döwlet çäkli goraghanasy esaslandyryldy. Türkmenistan hökümetiniň 1990-njy ýylyň 3-nji awgustyndaky Karary esasynda dag ýapgydy «Dinozawrlaryň tekiz belentligi» atly tebigy paleontologik ýadygärlik diýip yglan edildi we ol döwlet tarapyndan resmileşdirilip, gorag astyna alyndy.

2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň hut özi Köýtendag döwlet goraghanasyna baryp gördi. Ol ýeriň ajaýyp jülgelerine, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan ýerlerine aýlanyp gördi we Köýtendagyň täsin ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga tüýs mynasyp tebigy ýadygärlikdigini bellemek bilen bu ugurda geçirilmeli işler babatynda alymlaryň, bilermenleriň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Muňa laýyklykda häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary we onuň Sekretariaty ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyçlary taslamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde “Köýtendagyň dag ekoulgamy” atly hödürnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Günorta-gündogar Türkmenistanyň Köýtendag gerşi depesi garly, şypaly çeşmeleriň, owadanlygy bilen haýran edýän derýa hanalarynyň, gözel şaglawuklaryň, ýaşy asyr aşan daragtlaryň we gadymy eýýamlarda ýaşan haýwanlaryň yzlarynyň daşa öwrülip giden ýerleriniň mekanydyr.

Köýtendagyň tebigy gowaklarynyň syrlary baryp geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda açylyp ugraldy. Şol döwürde geologlar köwleriň onlarçasyny açdylar we ýazyp beýan etdiler. Köýtendagyň iň meşhur we iri şarlawuklarynyň biri – Hojapil obasyndan 6-7 km günorta-günbatarda ýerleşýän Umbardere şaglawugydyr. Bu şaglawugyň gapdalyndan Hojapil obasyndan “Gurşun känlerine” çenli eltýän ýol geçýär. Şol ýerden hem dag jülgesi başlanýar. Jülgeden 1-1,5 km demirgazykda bolsa şarlawuk ýerleşýär. Umbardere şaglawugynyň suwlary öz gözbaşyny ereýän garlardan we ýagyşlardan alýar. Şonuň üçin hem suw akymynyň güýji üýtgäp durýar. Şarlawuk Karel görnüşli şarlawuklara degişlidir. Umbardere şarlawugynyň suwlary egrem-bugram jülgeden 400 metr uzynlykda akyp geçýär we Köýtendag derýasyna guýýar.

Şaglawugyň beýikligi – 27 metrden geçýär. Bu ýerler syýahatçylary gyzyklandyrýan landşaft ýadygärliklerine degişli. Köýtendagda Umbardereden başga-da şarlawuklar bar, emma olar barmasy kyn ýerlerde ýerleşýär.

Täçmuhammet Orazmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-yunesko-hyzmatdaslyk-gatnasyklary-osdurilyar/

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle