TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
FOTO HABARLARSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

Köwata gowagy ýerasty kölli bolup, ol Türkmenistanyň paýtagty  Aşgabatdan 90 km günbatarda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär.

www.atavatan-turkmenistan.com

Gowagyň töründe, esasy girelgeden 60 m aşakda, uzynlygy 72 m, giňligi 30 m, meýdany 108 inedördül m we ortaça çuňlugy 10 m bolan gowşak minerallaşan kükürt wodorodly köl ýerleşýär. Suwyn Temperaturasy  ýylyň ähli paslynda +34 +37 gradus ýylylykda. Köwata gowagy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşiniň ýarganatlaryň uly toparynyň ýaşaýan ýeri hökmünde hem meşhurdyr. Zyýanly mör-möjekleri ýok etmekde olaryň ähmiýeti örän ulydyr.

www.atavatan-turkmenistan.com

Köwata gowagynyň düýbi gümmezinden gaçýan hek daşlar bilen örtülen, hek daşlaryna kükürtli suwlaryň edýän täsirleri netijesinde himiki täsirleşmeler şu wagt hem geçip dur. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, ýerasty kölüniň suwy ynsan saglygyny berkitmekde örän täsirlidir. Biz “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty hökmünde bu täsin ýere gidip, Siziň üçin şu habary taýýarladyk.

www.atavatan-turkmenistan.com

Gowagyň girişinde ýer alýan maglumatlary Siziň dykgatyňyza ýetirýäris

Suwuň düzümi.

Suwuň düzüminde himiki elementleriň 38-görnüşi – kükürt,hlor, sulfat, magni, kali, natriii we.ş.m.bar.

www.atavatan-turkmenistan.com

Kesel bejeriş häsiýetleri.

Deri kesellerini (gijilewük, endamdaky döreýän dürli ýaralara), gury agra, sowuklama, böwrek keselleri, merkezi nerw ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar.

www.atavatan-turkmenistan.com

Gowakda jemi bolmaly wagty. 45 minut bellenilen. Suwa düşülýän wagty 20 minut maslahat berilýär.

www.atavatan-turkmenistan.com

Gowagyň ölçegleri.

Jemi uzynlygy       -250 metr

Çuňlygy                 -55 metr

Ini                          – 25-50 metr

Beýikligi                -15-26 metr

Meýdany                -6300 m2

Göwrümi                -75000 m3

www.atavatan-turkmenistan.com

Kölüň ölçegi

Jemi uzynlygy       -75 metr

Çuňlygy                 -14 metr

Ini                           -14-23 metr

Meýdany                 -1050 m2

Göwrümi                 -6500 m3

 

www.atavatan-turkmenistan.com

Gowaga gireňde gadagan edilýän zatlar.

Içgili ýagdaýda girmek.

Ýürekleri şikesliler.

Ganbasyşy näsaz işleýänler.

Ýanyň bilen iýilýän-içilýän zatlary we çüşeli gaplary alyp girmek.

Gowakda gaty gygyrmak.

Gowakda çilim çekmek.

Gowakda nejasat etmek we hapalamak.

Ýanyň bilen partlaýjy zatlary alyp gowaga girmek.

Suwa gireniňde daşyň üstüne çykyp suwa bökmek.

 

Bulary hem okaň

Telekeçilere goldaw: Telekeçilik işiňizi tölegsiz tanyşdyryň

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Hojalyk Jemgyýetini bellige almak üçin gerekli resminamalar

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle