TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Koutinýo ýene-de Angliýa dolandy

Angliýanyň “Liwerpul” toparyndan Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçen Filipp Koutinýo ýene-de Angliýa dolandy. Ol möwsümiň galan bölegini Angliýanyň milli çempionatynyň wekili “Aston Willa” toparynda geçirer.

Iki toparyň arasynda ýarymgoragçy Filipp Koutinýony kärendesine bermek, soňlugy bilen satyn almak maksady bilen ylalaşyk gazanyldy.

“Barselona” toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 29 ýaşly futbolçynyň satyn alynmak hukugy bilen möwsümiň ahyryna çenli kärende berlendigi mälim edildi.

Braziliýaly futbolçy lukmançylyk barlagyndan geçer we işlemek üçin rugsatnama alar.

“Aston Willa” topary brazil futbolçynyň zähmet hakynyň bir bölegini tölär. Ýakyn wagtda futbolçynyň Birmingem şäherine gelmegine garaşylýar.

Koutinýo 2018-nji ýylda “Liwerpul” toparyndan  “Barselona” toparyna geçipdi. Ol 2019/2020-nji möwsümde Germaniýanyň “Bawariýa” toparynda hem kärendesine oýnapdy.

Koutinýo bir döwürler “Liwerpul” toparynda bile çykyş eden ozalky futbolçy Stiwen Gerrardyň tälimçiligindäki “Aston Willa” toparynda futbol durmuşyny dowam eder.

 

Kosmosa çykan ýapon milliarderiň nobatdaky maksady

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle