TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Kosowaly türgeniň ilkinji Olimpiadasy

Kosowaly Kiana Kreizu Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ilkinji zenan türgen bolýar. 17 ýaşyndaky Kiana slalom ýaryşynda deslapky tapgyrdan geçmegi başardy.

Şeýlelikde, ol gyşky Olimpiýa oýunlaryna öz ýurduna wekilçilik edýän ilkinji zenan türgen boldy.

– Men munuň şeýle gaty çalt boljakdygyna garaşmaýardym. Bu meniň arzuwlarymyň biri bolupdy, indi hemmesi hakykata öwrülýär – diýip, ýaş türgen gyz metbugata beren söhbetdeşliginde belläp geçdi.

Kiana hemaýatkärlerden eýýäm maliýe goldawyny aldy we ol Kosowanyň lyža sport federasiýasyna hem-de ýurduň Sport ministrligine we Olimpiýa komitetine minnetdarlyk bildirýär.

Kiana 10-11 ýyldan bäri dag lyža sporty bilen meşgullanýar. Ol Kosowanyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandygyna begenýär.

Ol öz çykyşlarynyň birinde Majlinde Kelmendiniň 2016-njy ýyldaky Rio Olimpiýa oýunlarynda, Nora Gjakowa we Distria Kreanikiniň 2020-Tokio Olimpiýa oýunlarynda gazanan medallaryny görüp, aglandygyny belledi.

Kosowa 2014-nji ýylda Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy boldy.

 

Hytaý-Merkezi Aziýa: döwlet Baştutanlarynyň onlaýn sammiti

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle