TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kosmosa syýahat

Amerikanyň “Axiom Space” atly kosmos syýahatçylyk kompaniýasy bu gezek syýahatçylary “NASA, EKA” we beýleki kosmos agentlikleriň kosmonawtlaryň bolýan halkara kosmos stansiýasyna syýahatçylyga ibererler. Şeýle hem bu kompaniýa 2022-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli 4 sany syýahatçyny ugratjakdyklaryny belledi.

“Al Jazeera” halkara teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu 4 sany syýahatçy kosmos stansiýasynda 8 gün ýaşarlar. Mundan başga-da, Amerikanyň “Axiom Space” atly kosmos syýahatçylyk kompaniýasy  kosmos stansiýasyna syýahat etmek üçin takmynan 55 million dollar gerek boljakdygyny habar berdi. Syýahatçylar ýörite “Space X” kompaniýasy tarapyndan öndürilen “Crew Dragon” kosmos gämisinde giderler.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle