TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Kosmos maksatnamasyna gönükdirilýän serişdeler

Häzirki wagtda kosmos pudagy dünýäde köp agzalýan mowzuklaryň biri hasaplanylýar. Indi halkara kosmosa bekedine gitmek üçin ýörite syýahat hem gurnalýar. Halkara kosmos bekedi bilen bäş sany kosmos gullugy hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bular ABŞ, Russiýa, Kanada, Ýaponiýa we Ýewropa kosmos agentlikleri. Ýewropa kosmos agentlikleri (EKA) 22 sany agzadan ybarat bolup durýar. Norwegiýa, Şweýsariýa we Beýik Britaniýa döwletleri “ESA” guramalarynyň agzalary hasaplanylýar.

Kosmonawtlary halkara kosmos bekedine iberen käbir agentlikleriň býujetleri şeýle:

“NASA” guramasy 23 milliard dollar

“EKA” – 6 milliard dollar

Russiýanyň kosmos agentligi – 1,7 milliard dollar

Germaniýanyň kosmos agentligi – 1,1 milliard ýewro

Ýaponiýanyň kosmos agentligi – 500 million dollar

Beýik Britaniýanyň kosmos agentligi – 374 million funt-sterling

Kanadanyň kosmos agentligi – 300 million dollar

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle