5.8 C
İstanbul
19/02/2020 8:21
Ana Sayfa KÖŞE YAZARLARI Ynsan oglunyň agyrlygynyň bilim, üşük bilen kesgitlenýändigini beýan eder
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Ynsan oglunyň agyrlygynyň bilim, üşük bilen kesgitlenýändigini beýan eder

 

VIYalŋuk Oğlanı Ağırlıki Bilig Ukuş Birle Erdükin Ayur6.YNSAN OGLUNYŇ AGYRLYGYNYŇ BILIM,

ÜŞÜK BILEN KESGITLENÝÄNDIGINI BEÝAN EDER

148Törütti üdürdi seçü yalŋukuğ,
aŋar berdi erdem bilig ög ukuğ
148.Ýaratdy, ösdürdi, seçdi ynsany,

Berdi edep, bilim, üşükdir aňy.

149Köŋül berdi hem me yorıttı tilig,
uvut berdi kılk hem kılınçı silig
149.Köňül berdi hem-de ýöretdi dilin,

Berdi uýat, häsýet hem sap gylygyn.

150Bilig berdi yalŋuk bedüdi bu kün,
ukuş berdi ötrü yazıldı tügün
150.Bilim berdi ynsan beýgeldi bu gün,

Üşük berdi, soňra ýazyldy düwün.

151Bayat kimke berse ukuş ög bilig,
üküş edgülükke uzattı elig
151.Baýat kime berse aň,üşük, bilim,

Ençe eýgilige uzatdy elin.

152Biligni bedük bil ukuşnı uluğ,
bu iki bedütür üdürmiş kuluğ
152.Bilimlin beýik bil, üşüklin – uly,

Ikisi beýgelder, seçer ol guly.

153Bu sözke tanukı munu keldi söz,
bu sözni eşitgil sözüg munda üz
153.Bu sözüň tanygy geldi şeýle söz,

Bu sözi eşitgil, sözüň munda üz.

154Ukuş kayda bolsa uluğluk bulur,
bilig kimde bolsa bedüklük alur
154.Üşük kaýda bolsa, ululyk bolar,

Kimde bilim bolsa, beýiklik alar.

155Ukuşluğ ukar ol biliglig bilir,
biligli ukuğlı tilekke tegir
155.Üşükli düşüner, bilimli utar,

Bilimli, üşükli dilegne ýeter.

156Bilig manisi bil negü ter bilig,
bilig bilse ötrü yırar erde ig
156.Bilim manysyny öwrenseň asal,

Bilim bilseň, gelmez ig ýa-da kesel.

157Biligsiz kişi barça iglig bolur,
igig emlemese kişi terk ölür
157.Bilimsiz kişi barça igli bolar,

Igi emlemeseň, kişi terk öler.

158Yorı ay biligsiz igiŋni ota,
biligsiz otın sen ay bilge kuda
158.Ýöre, eý bilimsiz igiňni otar,

Bilimsizin otyn, bilgir, sen ýetir!

159Ukuş ol burunduk anı yetse er,
tilekke tegir ol tümen ârzû yer
159.Üşük bir burunlyk, ony itse är,

Dilegine ýeter, tümen arzuw iýr.

160Ukuş bolsa erke kör asğı üküş,
bilig bilse ötrü bolur er küsüş
160.Ärde üşük bolsa, peýdasy köp, gör,

Bilim bilse kişi beýgeler ol är.

161Ukuş birle işler kamuğ iş küdüg,
bilig birle bekle bu bulmış üdüg
161.Üşük, paýhas bilen işiňi bitir,

Hemişe bilimiň üstüni ýetir!


SON HABERLER

Üstünlik

Dünýäde ýaşamaklygyñ özi biziñ paýymyza düşen üstünlik. Ol üstünligiñ köki ahlak, sütüni wyždan, ýapragy ýaşaýyş, özeni "adam" diýen mukaddes ada mynasyp bolmak. Oýlanyp göreliñ... Ahlak...

Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär

Hal atan säheriň keşbine bakyp, nazarymy uzaklara dikýärin. Bu görnüşe bakanymda, näme üçindir, her gezegem säher gözýaş döküp kalbyny päklän derwişler göz öňüme gelýär. Belki-de,...

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Hemmeleriň bilýän, emma üns bermeýän hakykaty hakynda Hemmeleriň üstünlik gazanasy gelýär. Eýsem, üstünlik bu näme? Düşündirişli sözlüklere göz aýlasak, üstünlik – birinden üstün bolmak ýa-da ...

Uzak ýaşamagyň syry

Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanynda hökman uzak ýaş dilenilmegi...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?