8.9 C
Istanbul
09/08/2020 7:46
Home TESWIRLER Muhtar Kent : Hiç haçan “Men muny oňarmaýan” diýmedim
Şirin Şirliýewa
"Türkmenistan Sport" halkara žurnalynyň jogapkär kätibi

Muhtar Kent : Hiç haçan “Men muny oňarmaýan” diýmedim

Coca–Cola kompaniýasynyň Baş Direktory bolup işlän  amerikan–türk işewüriMuhtar Kent bilen söhbetdeşlik

Siziň şowlulyk we şowsuzlyklar bilen nähili tanşyşyňyzy gyzyklanýaryn. Edepli çaga bolmak, işeňňir bolmak, eger öýüňizde başga doganyňyz bar bolsa, oňa meňzejek bolmak…

Men öýde ýeke çaga bolanym üçin şu ýagdaýlar bilen ilki talyplyk döwrümde gabatlaşdym.

­–Uniwersitetdemi?

–Hawa… Tarsus Amerikan kollejinde ýatymlaýyn okadym, kakamyň daşary ýurtda işleýänligi sebäpli maşgalamam şol ýerdedi. Ol mydama meniň lukman bolmagymy isleýärdi.

Dogrusy, şu meselede belli bir netijä gelip bilmeýärdim. Esasy islegim lukmançylyk ugrundan gitmek däldi, ýöne kakamyňam göwnüne degesim gelenokdy. Şu sebäpden deňlik bir ýol saýlaýyn diýdim–de, biohimiýany okamaly diýen netijä geldim.

Okuwa başlanymdan soň ikinji aýda örän ýalňyşanyma, bu hünäri hiç söýmeýändigimi, mundan aňryk gidip bilmejegimi, bu barada kakama aýtmalydygyma düşündim. Meň üçin şu ilkinji şowsuzlyk boldy…

Onda, siz şo güne çenli hemişe islegleri kanagatlandyrýan perzent bolansyňyz…

–Gaty gowy talyb–a däldim, ýöne isleýän zadyny başaryp bilen biridim, örän oňat gatnaşýan dostlarym bardy. Henizem olaryň bary bilen gatnaşýan.

Okuwymyzda çagalaryna gowy bilim bermek isleýän maşgalalaryň çagalary bardy. Adanadan daýhanyň oglam bardy, aklawjynyň çagasy–da, Sabançylaram (meşhur türk  işewürler maşgalasy) okaýardy, gullukçylaryň çagalaram… Tarsus Amerikan hemmeleriň jemlenişen ýeridi.

Siz şeýle gurşawdan çykyp Angliýadaky uniwersitete gidip, biohimiýa okap bilmejegiňize göz ýetirdiňiz?

– Üçünji aýa geçmänkäm düşündim we kakama “uzak” bir hat ýazdym: “Men muny başaramok, eger isleseň töleglerimem kesip bilersiň, emma bölümimi üýtgedýän. Matematika we ekonomika okajak” diýdim.

Ondan öň kakaňyza hat ýazyp gördüňizmi?

–Mydama–da ýazardym. Sebäbi daşary ýurtda ýaşaýarlardy. Men bolsa Türkiýede okaýardym. Kakam diplomat. Emma edil bular ýaly hat ýazyp görmändim, mydama 1 sahypa ýa ýarym sahypa. Uniwersitetde ýazan iň “uzyn” hatymdyr şol… ilkinji şowsuzlygy men şonda ýaşap gördüm.

Näme üçin? Siz diňe bölümiňizi üýtgetdiňiz ahyry?

–Hawa, ýöne şo bölüm üýtgedenim üçin  6 aýymy ýitirdim.

­–Kakaňyzyň näme jogap berenini bilesim gelýär.

­–Gowy jogap aldym: “Özüň bilýäň, isleýşiň ýaly okaber” diýdi. Okaýan wagtym maddy goldawynam berip durdy.

Munuň nämesi şowsuzlyk?

–Başdan geçiren duýgularymyň azary. Dogrusy, netijä gelmek kyn boldy, şol wagtlar birhili kiçijik çökgünlige duçar boldum.

–Nähili?

–Şol güne çenli hiç wagt şeýle ýagdaýa düşüp görmedim, islän zadymy başarýardym. 18 ýaşyma çenli hemişe özüme ynanyp gezdim we hiç haçan “Men muny oňarmaýan” diýmedim.

Emma biohimiýa okap başlamda, ýalňyşanymy, diňe kakamy hoşal etmek üçin okuwymy dowam edip bilmejegimi bildim. Şu sebäpden şol döwür ýetişip bilmän, okuw ýylymyň ýaryny ýitirdim. Yzyndan sapaklarymy köp okap, hemmeler bilen deňem gutardym ýogsa.

Şo ýagdaýdakaňyz nämeleri başdan geçirdiňiz?

–Işdäsizlik, ukusyzlyk, belki kynçylyk çekip… Ýagny çökgünlik adama nähili täsir edýän bolsa, edil hassahana girer derejede däl, ýöne ullakan bir kynçylyk döretdi. O wagtlar maşgalam Şwesiýada ýaşaýardy, ejem Angliýa gelip, ýanymda 1–2 hepde galdy. Men hemişa ýatymlaýyn okamsoň, ejeme–kakama biraz ýadyrgardym. Maşgala meselesinde goýberen ýalňyşlyklarymyň birem şu bolsa gerek. Ejemi–kakamy aňrybaşy tanamadym.

Özüňiz bilen bagly “Men şeýle adam bolmak isleýän” diýip, aňyňyzda bir keşbi göz öňüne getirmeýärdiňizmi?

–O döwürler bar islegim has köp okamakdy. Birem uniwersitetiň nämedigine düşündim.

Näme eken?

–Uniwersitet sosial gatnaşyklaryň kemala gelýän ýeri. Esasy zat diňe hünär we diplom däl. Bu ýerde, esasan, adamlar bilen tanyşmagyň, gürleşmegiň medeniýetini, gatnaşyklary ýola goýmagy öwrenýäň.

Uniwersitetdäki tanşanlarym bilen ýyllar boýy dost bolup galdyk. Henizem Angliýada birnäçe dostlarym bar. Dünýäniň başga ülkelerindenem bar, hindistanly, amerikaly, şwesiýaly talyplar bardy.

Uniwersitetiň nämedigini, ynsany nähili ugrukdyrýanyny, nähili şahsylaşdyrýanyny, güýçlendirýänini, özüne ynam berýänini o ýerde öwrendim.

–Maşgalaňyzdan uzakda dowamly ýatymlaýyn okuwlarda okamak siziň üçin agyr dälmi? Olar Şwesiýada, a siz Tarsusda?

–Ýo, ýatymlaýyn okamakdan gaty hoşaldym.

Çyndanammy?

–Gaty bagtlydym. Meni men eden ýatymlaýyn okuwlar boldy. Tarsus Amerikan kollejine köp zat babatda borçlanýan. Adam häsiýetleriniň formirlenip başlaýan ýyllary 15–16 ýaşlar ahyry…

–Hawa, şu nukdaýnazardanam, tersine kyn bolaýjak ýaly?

–Ýok, gaýta ol dostluklar, ol gurşaw has köp zatlar bagyş edýär adama. Tarsusyň merkezinde her kim iňlis matasyndan tikilen giň balakly gezip ýören wagty, o ýerde şeýle bir meýdança…

Kleopatra bilen Antoniusyň duşuşan topragynda, futbol meýdançasyndan deňiz balykgulaklarynyň gabyklary tapylan, haýrangaldyryjy binalaryň daşdan gurlan şäheri diňe Türkiýe däl, dünýäni ýatladýan şäher o ýeri. Amerikaly mugallymlar… ähli zat iňlisçe… örän üýtgeşikdi. Emma ejemi–kakamy ýeterlik derejede üns berip tanamanlygym, meni soň–soň gynandyrdy.

–Bu siziň bilen bagly bolan zatmy, ýa durmuş, ýa–da olaryň özleri bilen bagly hasaplaýaňyz?

–Ýok, durmuş bilen bagly.

14 ýaşyňyzda ýatymlaýyn okuwa gidýäňiz , yzyňyza öýe dolanaňzok, hatda şol bir şähere–de dolanmaýaň, mende şeýle boldy. Angliýadaky uniwersitete gitdim, ol ýerdenem Amerika, soňra “gulluk borjumy berjaý edeýin” diýip, Türkiýä geldim.

1977–de ýene Amerika gitdim, garaz hiç haçan olar bilen bir şäherde ýaşap görmedik. 14 ýaşymdan bäri mydama aýra boldum. Näme üçin beýle boldy diýemok, ýöne gynansamam boldy, käşgä olara biraz ýakyn bolup bilsedim, emma…

Indem öz çagalarym bilen bir şäherde ýaşap bilemok, ýöne olara hemişe ýakyn bolmaga çalyşýan, birnäçe ýyldan soň meňki ýaly pikir etmesinler diýip, duşuşmak üçin wagt–wagt ýörite bahana döredýärin.

Siziň gahrymanyňyz kim, kakaňyzmy, ejeňizmi ýa başga birimi?

–Kakamdan häsiýet we özüňi alyp barmak boýunça köp zat öwrendim. Mundan başga–da 40 ýyllyk iş tejribämde Coca–Cocalanyň öňki ýolbaşçysy asly irlandly, amerikan Donald Keough söýgüli gahrymanym. Zähmet ýolumda we meniň ösüşimde örän uly täsiri bolan adamlar. Birem Jon F.Kennedy bar. Hiç haçan görüşmedim, emma meň üçin örän gymmatly adam, hemişe durmuşyny okan ynsanlarymyň biri.

–Ilkinji iki adam–a düşnükli, emma J.F.Kennedy size haýsy tarapdan ylham berdi?

–Jon F.Kennedy wezipesini dowam eden bolsa, amerika we dünýä köp goşant goşjakdygyna ynanýan şahslarymyň biri. Meniň üçin birtopar kynçylykdan täzelikleri döreden, ýolbaşçylygy stile salan ynsan. Geosyýasata örän gowy düşündi, Ak tama güýç berdi.

–Stil söhbetini dowam etmegiňizi haýyş edýän, gaty göwnümden turdy, dogrusy…

– Stil diýdigim bir bitewilik, bir düzgün–kada. Adamlar bilen gürleşmegiň kadasy, işi ýerine ýetirmegiň medeniýeti, işi dogry ýerine ýetirmekden ötri, dogry işi ýerine ýetirmek medeniýeti.

– O näme diýmek? Işi dogry ýerine ýetirmek we dogry işi ýerine ýetirmek?

“Käte bolmaz” ýa-da şowsuzlyk hekaýalary atly kitapdan terjime

         (dowamy bar)

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Arkalaşan Daş Aşar : Ot almaga gelen ýaly

Arada goňşylarymyzyň biri gelip, köp aýak çekmän, turmak bilen boldy. Men oňa nägilelik bilen: -Munyň-a, goňşy, “Ot almaga gelen ýaly” bolaýdy-la. Ine-gana oturyp çaýlaşmalydy-da –...

3-nji Nusga: “ Köni / könilik törü”

Altynjy mysal (KB №355): köni törü / doğrudan doğruya kanun/ göni töre.   Bu kün toğdı tegli törü ol köni, bu ay toldı tegli kut ol...

Hepdelik täleýnama (9-15 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04) Indi hamallara doly dynç almagyň wagty geldi. Öňümizdäki hepde siz maşgalaňyz bilen öýde oturyp süýji-süýji söhbetler edip, durmuşyň hözirini görmelisiňiz....

Çaga diýeniňi däl, edeniňi gaýtalar

«Çagam mähirli bolsun, ýalan sözlemesin, işeňňir bolsun, kitap okasyn» diýseňiz, oňa görelde boluň. Sebäbi çaga diýeniňizi däl, edeniňizi gaýtalar... Görelde bolmak Her ene-ata çagasy üçin dünýäniň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Akmyrat Rejepow : «Ol şirwan perdäňe, galsana bagşy!»

Dessançy bagşy diýilse, Aşyk Aýdyň piriň mekany ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýaty göz öňüňe gelýär. Ýedi aşygyň goluna gazma dutaryny aldyran, Görogla gyratynyň üstünde...

Futbolyň halkara derejesi bilen bagly onlaýn maslahat

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA we AFK-nyň bar bolan tejribelerinden, taslamalaryndan hem-de mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, Türkmenistanda futboly mundan beýläk hem ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp barar....

“Roma” topary 700 million dollara satyldy

Italiýanyň “Roma" topary ABŞ-nyň “Friedkin Group” kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy. ABŞ-ly işewür Dan Fridkin Rim klubynyň esasy paýyny we käbir serişdeleri we infrastrukturany öz...

Onlaýn Söwda işini amala aşyrmak isleýänler üçin

Türkmenistanda soňky döwürde onlaýn söwda ösýär, täze-täze onlaýn satyş hyzmatlaryny hödürleýän web saýtlar we aplikasiýalar hyzmata hödürlenýär. Onlaýn söwdanyň ösýän döwründe harytlary distansion usul...