8.9 C
Istanbul
01/04/2020 10:20
Home IŇ TÄZE HABAR Ene Tebigatynyň Türkmen Teoriýasy
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Ene Tebigatynyň Türkmen Teoriýasy

Türkmene “ E N E ” diýseň, süňňi sandyramasa, onda onuň hakyky türkmendigine şübhäm artar. Siziň garaýşyňyzy anyk bilemok, meninki-hä hut şonuň ýaly…

Aslynda, ENE, ägirt uly şahsyýet, üstesine-de ol ägirt uly şahsyýetleri, kaganlary, hanlary, soltanlary doguryp bilýän ýeke-täk şahsyýet.

Bary-ýogy üç harp, ikisi hem meňzeş, öňünden yzyna tarap okasaň-da, yzyndan öňüne tarap okasaň-da üýtgemeýän “ENE” sözüniň “e”-leri ezizligiň, “n”-si bolsa näzikligiň derejeleridir.

Ezizlik bilen näziklik bolsa netije hökmünde adamzadyň nesil merkeziniň sarsmaz sütünini emele getirýär. Allatagala ýeke-täk ýaradandyr, şonuň üçin türkmenler oňa öz ene diline mahsus bolan adalga bilen Biribar hem diýýärler.

Beýik Biribar öz ýaradanlaryndan ynsanogly bilen baglanyşykly Enäniň tebigatyny özboluşly täsinlik bilen bezäpdir. Oňa aýratyn peşgeş eçilipdir. Şol peşgeş dogurmak bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, beýik Biribaryň buýrugy bilen Ene tebigatyna adamzadyň nesil domatyny dolandyrmak ynanylypdyr. Başgaça aýdylanda, oňa enäniň dogrujylyk üstünligi diýmek hem bolar.

Netijede, çak çak bolsa, ene tebigatynyň özboluşly bir teoriýasy bar ýaly bolup dur. Ynha, meniň netijämi diňleseňiz-ä şeýleräk…

 Türkmen eneleri

dogurýar ADAM!

Ýok, asla ýok,

Olar dogurmaz GEDEM!

Gedemiň doguşdan soňuny derňäň,

Ony enä ýöňkäp, hiç gaty görmäň!

Türkmen eneleri

dogurýar SERDAR!

Ýok, asla ýok,

Olar dogurmaz MURDAR!

Murdaryň doguşdan soňuny derňäň,

Gaty görüp, enä ýöňkäbem durmaň!

Eneler dogurýar

beýik SOLTANY!

Ýok,  ýok,

Olar dogurmaz hiç ÝALTANY!

Ýaltanyň doguşdan soňyny derňäň,

Ýaltalygy – enäň ýüzüne urmaň!

Türkmen eneleri

dogurýar BEGI!

Ýok,

Olar hiç dogurmaz GURRUMSAGY!

Gurrumsagyň täleýi ters soňradan,

Ene hemrasy däl, başga hemradan.

Eneler dogurýar

mährem MÄLIGI!

Ýok,ýok,

Dogurmazlar asla LÄLIGI!

Läligiň doguşdan soňuny derňäň,

Lellimligi enelermizden görmäň!

Türkmen eneleri

dogurýar ALYM!

Ynanmaň,

Diýseler dogrupdyr ZALYM!

Zalymyň doguşdan soňuny derňäň,

Mähiri zalyma hiç wagt garmaň.

Enelermiz berer

ERKEK GENINI!

Asla bermez,

BIHEPBÄNI, DÖNÜGI!

Wepasyzy, sözlerinden dänigi,

MAŇYZLYDYR, NOGULLYDYR hemişe,

UÝALYDYR, OGULLYDYR mydama,

Önelgesi – miwe berýän ŞÄNIGI.

ENÄNI-de,

SONANY-da,

ÝEŇŇÄNI-de,

GYNNANY-da

ENE dogurýar ýene,

Meň diýýänim hut şu,

üns beriň şuňa-

TÜRKMEN ENESINIŇ

TEORIÝASY – ine!

Oýlanyp gör, ynanmasaň-

oňlama!

Başgalara mahsus däl,

bu DEŇLEME!

Muňa garşy meniň hiçbir KADAM ýok!

Bütindünýä Erkek Göbeklilerden –

ENÄNI beräýjek birjik  ADAM ýok!

Iň bolman-da  “ Ýekeje –şu! ” diýere

Erkegiň adam ýok!

ERKEK ADAM ýok!

 

SON HABERLER

Hytaý döwletiniň gadymy şäherleri

Daksu – bu gadymy şäher mundan 2000 ýyldan ozal döräpdir. Orta asyrlarda şäheriň iň gülläp ösen döwri bolupdyr. Şol döwürde ilatyň ýaşaýjylary Li derýasy...

Haýwanlaryň Haýyşnamasy

Haýwanlaryň Öz Hak-Hukuklary Hakynda Haýyşnamasynyň Türkmençe Nusgasy Heý, siz ömrüňizde  haýwanlaryň ýazan arzasyny ýa-da haýyşnamasyny okap görüpmidiňiz?! Onda, ynha, baş üstüne, meniň elimdäki nusgasyny  okap...

Türkmenistanyň Prezidenti Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri...

Ýeñil atletika boýunça dünýä çempionatynyñ senesi üýtgedi

Halkara Ýeñil atletika federasiýasynyñ assosiasiýasy ýeñil atletika boýunça dünýä çempionatyny 2021-nji ýyldan 2022-nji ýyla geçirendigini mälim etdi. Senesiniñ yza süýşürilmeginiñ sebäbi Olimpiýa oýunlarynyñ senesiniñ...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?