TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Koronowirus 50 adama döwlet getirdi

Koronowirus bütin dünýäni aljyratsa-da, onuň milliardere öwren adamlary hem bar. «Forbes» neşiri diňe koronowirus sebäpli, 2020-nji ýylda 50 adamyň milliarder bolandygyny habar berdi.

Täze milliarderler, esasan, lukmançylyk, farmasewtika ugurlarynyň wekilleridir. Olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!

Täze milliarderleriň sanawynyň başyny, elbetde, waksina taýýarlaýan kompaniýalaryň wekilleri çekýär. Şonuň üçin hem sanawyň başynda günbatarly waksina kompaniýalarynyň üçüsiniň ― «Pfizer», «BioNTech» we «Modernanyň» ýolbaşçylary bar.

Mysal üçin germaniýaly türk, «BioNTech» kompaniýasynyň maýadarlarynyň biri Ugur Şahiniň maýalary ýylyň başyndan bäri 160 göterim ösdi. Kompaniýa «Pfizer» bilen bilelikde işlenip çykarylýan waksina üçin umumy serişdäniň 95 göterimini göterýär.

Sanawda «Moderna» kompaniýasynyň direktory Stefan Bansel (baýlygy 4,1 milliard dollar), Hytaýyň «Shenzhen Kangtai Biological Products» farmasewtika kärhanasynyň ýolbaşçysy Ýuan Lipin (4,1 milliard dollar), Hytaýyň «Contec Medical Systems» tebigy melhemler kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hu Kun (3,9 milliard dollar) dagylar we köp sanly lukmanlar, farmasewtler bar.    

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Baş Redaktor

Teswirle