TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy sakgyç taýýarlandy

Beýik Britaniýanyň alymlary koronawirus ýokanjyna garşy sakgyç işläp taýýarladylar. Geçirilen barlaglara görä, bu sakgyjyň tüýkülikde koronawirusyň “omikron” görnüşiniň bölejikleriniň azalmagyna mümkinçilik berjekdigi mälim edildi. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy belläp geçýär.

Sakgyç “ACE2” belogynyň göçürmesinden durýar. Synaglarda tüýkülikden alnan nusgalara “ACE2” reseptorlary ýerleşdirildi we olar hem wirus ýüküniň kesgitlenmedik görnüşde azalmagyna mümkinçilik berdi.

Alymlar synag edilende koronawirusyň “delta” we “omikron” görnüşleri bilen kesellän näsaglaryň tüýküliginiň nusgalaryny ulandylar. Sakgyçlaryň çeýnelmegi bilen wirusyň işjeňleşmegi 95 göterim azaldy.

Ýakyn wagtda bu sakgyçlaryň kliniki synaglaryna başlanar. Şonda näsaglara 4 günüň dowamynda her gün bu sakgyçdan 4-üsini çeýnärler.

– Burun ýoly arkaly wirusyň ýokaşmak ähtimallygynyň agyzdan ýokaşmagyndan az bolandygy üçin, işlänip düzülen sakgyç we onuň düzümindäki beloklar näsaglary koronawirus ýokanjyndan gorar – diýip, Pensilwaniýa uniwersitetiniň Stomatologiýa lukmançylygy mekdebiniň lukmany Genri Daniell belläp geçdi.

Golaýda koronawirusyň “omikron” maşgalasyna degişli “BA.5” görnüşi tutuş dünýäde giňden ýaýrady. Ýokanjyň bu görnüşi Günorta Afrika, Beýik Britaniýa, Ýewropanyň käbir böleginde we Awstraliýada hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Green Card (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Teswirle