TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň çäreleri

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde «Awaza» kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümetiniň howply bu kesele garşy göreşmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşip, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çäreleri görüp başlandygyny nygtady.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar döredildi

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi. Bu keseliň ählumumy häsiýete eýe bolýandygyny we dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsir edýändigini göz öňünde tutup, biz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyny döretdik diýip, milli Liderimiz belledi.

Adatdan  daşary  Topar 28 mejlis geçirdi

Bu Toparyň häzire çenli 28 mejlisi geçirildi. Şol mejlislerde möhüm çözgütler kabul edildi. Ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn işler geçirildi. Ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi:

TÜRKMENISTANDA ÜÇ HALKALAÝYN ÖŇÜNI ALYŞ ULGAMY

Halkara howa gatnawlary wagtlaýyn duruzyldy

Birinjiden, raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegi we beýleki döwletleriň raýatlarynyň ýurdumyza gelmegi, şeýle hem halkara howa gatnawlary wagtlaýyn duruzyldy;

Halkara ýükler üçin gözegçilik toparlary döredildi

Ikinjiden, ýurdumyza ýükleri getirmek we üstaşyr geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet serhedinde 9 sany gözegçilik geçiriş nokady, ýagny Türkmenbaşy halkara deňiz portunda, şeýle hem Garabogaz, Serhetýaka, Farap, Ymamnazar, Serhetabat, Sarahs, Artyk, Akýaýla nokatlary kesgitlendi.

Gözegçilik nokatlary döredildi

Üçünjiden, ýurdumyzyň demir ýol gatnawy boýunça welaýat we etrap gözegçilik nokatlary döredildi we bu ýerlerde öňüni alyş işleri güýçlendirildi.

LUKMANÇYLYK GÖZEGÇILIK ÜÇIN IKI TAPGYRLAÝYN ULGAM

Raýatlar üçin lukmançylyk gözegçiliginiň iki tapgyrlaýyn ulgamynyň işi ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Daşary ýurtlardan gelýän raýatlardan nusgalar

Birinji tapgyrda daşary ýurtlardan gelýän raýatlardan barlaghana üçin nusgalar alynýar.

Karantin zolaklarynda gözegçilik

Şondan soň, olar Garabogaz, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde döredilen karantin zolaklarynda gözegçilikde saklanýar.

14 günlik maşgala lukmanyň gözegçiligi

Ikinji tapgyrda bolsa, hassahanalardan öýlerine gaýdan raýatlar ýaşaýan ýerlerinde 14 günüň dowamynda maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolýarlar.

Aýratyn howply keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş edaralary zerur bolan lukmançylyk enjamlary, gorag serişdeleri, test-ulgamlar hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen doly üpjün edildi.

Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda serhet, migrasiýa, saglygy goraýyş, oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we beýleki hünärmenlerden ybarat toparlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy ýola goýuldy.

Ähli edaralarda dezinfeksiýa hem-de zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler ýokary derejede geçirilýär.

Şeýle hem, biz Hazar deňzinde bu işleri güýçlendirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mundan başga-da, daşary ýurtlardan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik etmegiň tertibi girizildi. Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky suw akabalarynyň hem-de howdanlarynyň, şeýle hem suw desgalarynyň goralyşyna gözegçilik güýçlendirildi. Suw çeşmelerinden suw alnyp, soňra barlaghanalarda barlagdan geçirilýär.

Ähli edara-kärhanalarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda nokatlarynda hem-de bazarlarda, ähli ulag serişdelerinde, serhet zolaklarynda we ilatly ýerlerde öňüni alyş zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işleri giňden geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ilat arasynda, bilim edaralarynda, harby bölümlerde we kärhanalarda özüňi alyp barmagyň kadalary wagyz edilip, şahsy arassaçylyk düzgünleri düşündirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugurda zerur bolan maglumatlar berilýär.

Öz wagtynda görlen şeýle toplumlaýyn öňüni alyş çäreleriň netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňi alyndy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de koronawirus ýokanjy bilen bagly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary göz öňünde tutup, biz ilat arasynda ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek boýunça başlan işimizi dowam etmeli diýip nygtady.

Toplumlaýyn çäreler

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işleriň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri guramagyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şu maksat bilen:

— ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň öňüni almak, ony anyklamak hem-de bejermek üçin zerur bolan derman serişdeleriniň, sarp ediş materiallarynyň, lukmançylyk enjamlarynyň hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleriniň gorlarynyň üstüni yzygiderli dolup durmaly;

— saglygy goraýyş edaralarynyň ähli lukmançylyk işgärleriniň arasynda ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň öňüni almak, ony anyklamak we bejermek boýunça okuwlary geçirmegi dowam etmeli;

— keseli anyklamak üçin barlaghana test-ulgamlaryny satyn almaly hem-de olaryň gorlarynyň üstüni dolup durmaly;

— raýatlary lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek üçin ýurdumyzyň Döwlet serhediniň hemme geçiriş ýerlerinde ähli şertler döredilen we halkara standartlaryna laýyk gelýän karantin nokatlaryny döretmeli;

— ylmy çaklamalara laýyklykda hem-de ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ikinji tapgyryna garaşmak bilen baglylykda, ýurdumyzda derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk enjamlarynyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmeli;

— ýurdumyzyň dürli senagat pudaklarynyň önümçilik binýadynda lukmançylyk enjamlarynyň goşmaça öndürilmegini ýola goýmaly. Bu işleri amala aşyrmak üçin zerur bolan maýa goýumlaryny çekmeli;

— ýurdumyzda epidemiologiýa ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edip durmaly;

Awazada dynç alyşy guramak üçin teklipler

— tomus paslyna çenli az wagtyň galandygyny göz öňünde tutup, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda, Awazada we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde tomus döwründe syýahatçylygy hem-de dynç alşy guramak boýunça tekliplere gysga wagtyň içinde seretmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokarda agzalanlar bilen baglylykda, zerur bolanda ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna hem girizmek üçin degişli üýtgetmeleri taýýarlamalydygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, welaýatlaryň çäklerinde ýerleşen şypahanalary tomusky dynç alyş möwsümine laýyk derejede guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Teswirle