SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus ýokanjy haçan tamamlanar?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Kluge: “Meniň pikirimçe, “Covid-19” wirusy 2022-nji ýylyň başynda gutarar” – diýip belledi.

Daniýanyň döwlet teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde Kluge 2021-nji ýylyň hem “Covid-19” ýyly boljakdygyny, ýöne 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende dolandyrylyp boljakdygyny belledi.

BSGG-niň ygtyýarly wekili iň erbet ýagdaýyň yzda galandygyny we koronawirus ýokanjy barada ilkinji gezek wirusyň ýaýrap başlan 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende has köp maglumata eýe bolandyklaryny aýtdy.

“Covid-19” epidemiýasyndaky wakalary hiç kimiň öňünden bilip bilmejekdigine ünsi çekip, öz çaklamasy barada aýdan Kluge: “Meniň pikirimçe epidemiýa 2022-nji ýylyň başynda gutarar” – diýip belledi.

Kluge wirusyň bolmagynyň dowam etjekdigini, ýöne çäklendirmelere zerurlygyň bolmajakdygyny belläp geçdi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar