TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus waksinalaryň hasaba alynmak mümkinçiligi

Germaniýanyň “BioNTech” laboratoriýasynyň hem-de ABŞ-nyň “Pfizer” farmasewtika korporasiýasynyň koronawirus ýokanjyna garşy taýýarlan waksinalarynyň üçünji synag tapgyryndan geçendigi mälim edildi. Bu barada “Euronews” teleýaýlymynyň internet sahypasynda bellenilýär.

Üçünji tamamlaýjy tapgyrdan soňra öňümizdäki hepde bu waksinalaryň hasaba alynmagyna garaşylýar. Amerikanyň azyk önümleri we derman serişdeleriniň sanitar gözegçiligini amala aşyrýan müdirligine hasaba almak üçin ýüz tutar.

Maglumatlara görä, “BioNTech” laboratoriýasy şu ýylyň dowamynda 50 million doza, 2021-nji ýylda bolsa 1,3 milliard doza möçberinde waksina öndürmegi meýilleşdirýär. “BioNTech” laboratoriýasy immunoterapewtiki serişdeleri ösdürmekde ýöriteleşýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Amerikanyň “Pfizer” we Germaniýanyň “BioNTech” laboratoriýasynyň waksinalarynyň “COVID-19”-a garşy üstünlikli synaglary baradaky maglumatlary “höweslendiriji” diýip atlandyrýar. BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus bu we beýleki şuňa meňzeş waksinalaryň pandemiýany ýok etmek üçin görlüp-eşidilmedik hyzmatdaşlygyň netijesi hökmünde belledi.

Ýewropa Bileleşigi  Amerikanyň we Germaniýanyň bilelikde taýýarlaýan waksinalaryndan 300 million doza çenli satyn almagy göz öňünde tutýar.

WAKSINALARDA SOŇKY ÝAGDAÝ

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 30-njy oktýabrdaky maglumatlaryna görä, “Covid-19”-a garşy 35 waksina kliniki synagda, 180 waksina bolsa  kliniki gözden geçiriş tapgyrynda durandygy bellenilýär.

Bütindünýä waksina öndürmek bäsleşiginde tamamlaýjy tapgyra gadam basyldy. 9 sany koronawirus waksinasy taýýar derejä getirilýär. Kliniki synaglarynyň soňky tapgyryna gelen “Moderna”, “Oksford / AstraZeneca”, “CanSino”, “SinoPharm”, “Johnson&Johnson”, “BioNTech / Pfizer”, “Gamaleya instituty”, “Sanofi / GSK” we “Sinofarm” waksinalary häzirki wagtda dünýädäki on müňlerçe meýletinçide synagdan geçirilýär.

“Pfizer” we “BioNTech SE” tarapyndan işlenip düzülen koronawirus waksinasynyň bu ýokanjy 90 göterimden gowrak öňüni alýandygy mälim edildi.

Mundan başga-da, noýabr aýynda ABŞ-nyň “Moderna” biotehniki firmasy we Oksford uniwersiteti bilen “AstraZeneca” tarapyndan döredilen sanjymlaryň 3-nji kliniki synaglarynyň netijelerine garaşylýar. ABŞ-ly “Johnson&Johnson” kompaniýasynyň sanjymyň şu ýylyň ahyryna çenli täsir edip-etmejekdigi aýdyň boljakdygy mälim edilýär.

HYTAÝ WE RUSSIÝADA WAKSINA ÖNÜMÇILIGI

Hytaý bilen Russiýa hem waksinalaryň önümçiligine uly ähmiýet berýär. Hytaý iýul aýynda ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda gyssagly sanjym maksatnamasyny ýola goýdy. Bu nukdaýnazardan saglygy goraýyş işgärleri, “Covid-19”-a garşy töwekgelçilikli toparlara we käbir döwlet işgärlerine sanjym edildi. Hytaýda kliniki synaglaryň soňky tapgyrynda azyndan dört sanjym bar, şol sanda Hytaýyň Milli “Biotec” topary (CNBG), “CanSino Biologics” we “Sinovac” ýaly waksinalary synaglaryň soňky tapgyrynda barýar. Şeýle-de bolsa, “Sinovac” we “Biotech” sanjymlarynyň noýabr aýyna çenli synaglardan netije almagyna garaşylýar.

Russiýanyň hasaba alan “Sputnik V” sanjymynyň soňky tapgyr synaglary 40 müň adamdan ybarat toparda dowam edýär. Gamaleýa instituty tarapyndan döredilen sanjymyň synag netijeleriniň noýabr aýynyň ahyrynda yglan edilmegine garaşylýar. Russiýa sanjymy ýokary töwekgelçilikli topardaky ýüzlerçe adamda synag edildi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle