SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus ştammlary grek harplary bilen atlandyrylar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19-a sebäp bolýan koronawirus ştammlaryny grek elipbiýindäki harplar bilen atlandyrmak kararyna geldi.

Häzirki wagtda ştammlar gelip çykan we ýaýran ýurduna baglylykda geografiki atlar bilen atlandyrylýar.  BSGG beýle ulgamy «töhmet atyjy we kemsidiji» diýip hasaplaýar, munuň esassyz  ýaramaz meseleleri ýüze çykarmagy mümkin.

Şol sebäplere görä, «SARS-CoV-2» koronawirusyň özi mundan beýläk «hytaýly» diýlip atlandyrylmaz.

Şeýle hem wirusyň «Britan» ştammy indi “Alfa”, «Günorta Afrika» ştammy «Beta», «Braziliýa» ştammy «Gamma» we «Hindistan» ştammy «Delta» diýlip atlandyrylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bu netijesi ştammlaryň düşnükli we ýatda galyjy bolmagy üçin hem ähmiýetlidir.

 

Gyzykly maglumat: algebrada näme üçin näbellilik «x» bilen belgilenilýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary