TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymynyň bazary giňeýär

Dünýäde pandemiýa bilen göreşmekde alymlar yzygiderli gözleg işlerini geçirip, kesele garşy waksinalary oýlap tapýarlar. “Morgan Stanley we Kredit Suisse” kompaniýalaryň geçiren gözleglerine görä, bu waksinalaryň ortaça dozasy 20 dollardan ybarat bolup durýar. Şol gözlegleriň esasynda waksinany öndürýän farmasewtiki kompaniýalar, ABŞ, Ýewropa we beýleki ösen ýurtlardan ýylda 10 milliard dollar gazanar diýip habar berilýär. Eger dünýäde ýaşaýan adamlar bu waksinany her ýylda sanjym etdirseler, onda olaryň girdejisi 25 milliard dollar ýeter diýip, gözlege gatnaşan Metýu Harrison belleýär.

“UNICEF” guramasynyň maglumat bermegine görä, farmasewtiki kompaniýalar bir gezek ulanylýan waksinanyň bir dozasyny 2.19 dollardan 44 dollara çenli bahalandyrýarlar. Häzirki wagtda birnäçe waksinalar öndürildi.

Britaniýanyň metbugaty bolsa öndürilýän waksinalaryň bahalary bilen tanyşdyrýar: “AstraZeneca” waksinasy – 4 dollar, “Sanofi-GSK” waksinasy – 10 dollar, “Moderna” waksinasy – 37 dollar bolup durýar. “AstraZeneca, Pfizer / BioNTech, Novavax, Sinovac, Curevac, Johnson & Johnson, Sanofi / GSK, Sanofi / Translate Bio” ýaly waksinalary öndürmekde umumylykda 22,88 milliard dollar maýa goýum sarp edilipdir.

“Airfinity” atly ylmy maglumatlaryň derňew kompaniýasynyň habaryna görä, ösen ýurtlar “Pfizer-BioNTech” we “Moderna” tarapyndan öndürilen sanjymlaryň 85% göterimini eýýäm satyn alypdyrlar. Beýleki ýurtlaryň has elýeterli bolan “AstraZeneca” we “Sinovac” sanjymlaryny makullaýarlar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Teswirle