TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymynyň bahasy belli boldy

Ýewropa Bileleşigi “Pfizer” hem-de “CureVac” waksinalary üçin 8 milliard ýewrodan köp maliýe serişdelerini sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Reuters” habar agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigi “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň waksinalarynyň bir dozasyna 15,5 ýewrodan, “CureVac” waksinasynyň bir dozasyny 10ýewrodan tölemekçi bolýar.

Ýewropa Bileleşigi “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň waksinalarynyň 300 million dozasy üçin 4,6 milliard ýewro, CureVac” waksinasynyň 225 million dozasy üçin bolsa 3 milliard ýewrodan gowrak tölär. CureVac” waksinasynyň goşmaça 180 million dozasy 12 ýewrodan satyn alnar. Bu sanjymyň ilkinji dozalary mart aýynyň ahyrynda üpjün ediler.

Şeýle hem Ýewropa Komissiýasy “AstraZeneca”, “Sanofi – GSK”, “Johnson & Johnson” kompaniýlary bilen hem waksina satyn almak babatda ylalaşyklar gazandy.

Umuman, Ýewropa Bileleşigi 6 sany derman öndürijilerden 1 bilen 2 milliard doza möçberinde waksina satyn almakçy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle