TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus pandemiýasy haçan tamamlanýar?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropadaky ýolbaşçysy Hans Klýuge, Germaniýanyň “Die Welt” neşirine beren interwýusynda dünýäde pandemiýanyň tamamlanjak senesini yglan etdi.

“2021-nji ýyl ýene-de “Covid-19” ýyly bolar. 2020-nji ýylda bu mesele ylmy we syýasy taýdan ýiti meseleleriň biri boldy. Bir ýyldan soňra bolsa kesele garşy sanjymy öndürildi we keseli anyklamagy hem başarýarys. Şonuň üçin pandemiýa 2022-nji ýylyň başynda gutarjakdygyny çaklaýaryn. ” diýip, Hans Klýuge belläp geçýär. Mundan başga-da Klýuge epidemiýanyň ýitip gitmeginiň wirusyň ýok bolandygyny aňlatmaýandygyny hem aýtdy.

Hans Klýuge şu ýyl epidemiýa garşy göreşde 3 sany meselä ünsi çekmelidigini nygtady. Olar:

  1. 1. Sanjym maksatnamasynyň çaltlaşdyrylmalydygyny.
  2. 2. Howpsuz aralyk çäkli bolmalydygyny.
  3. 3. Saglygy goraýyş çäreleri dowam etdirmelidigini.

Epidemiýa çärelerine garşy adamlarda ýadawlygy döredýändigini belläp, Klýuge häzirki wagtda adamlaryň nämäni ýadadýandygyny görkezýän gözlegler geçirýäris diýip belledi.

 

Hytaýda 17 waksina synag edilýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-german forumy geçirilýär

Teswirle