TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus barada nädogry maglumat

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry  maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantin kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa meňzeş maglumat “feýkleriniň”, ýagny toslamalarynyň howaýydygyny hem-de hakykata laýyk däldigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýörite maksatlary yzarlaýan we tassyk edilmedik maglumatlara esaslanýan habarlaryň  ýaýradylmagyna ýol berilmeli däldigi barada Ministrligiň wekilleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisine öň birnäçe gezek mälim edipdiler.

Türkmen tarapy, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň açyklyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, diplomatik korpus we daşary ýurt žurnalistleri üçin temalaýyn duşuşyk-brifingleri yzygiderli geçirilýär. Olaryň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler barada ýokary derejedäki doly bolan maglumatlar berilýär.

Gynansak-da, amerikan tarapy, çakylyklara garamazdan, şeýle duşuşyklara gatnaşmaýar. Ýokarda aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabatdaky amerikan diplomatik missiýasynyň hereketleriniň netijesiz häsiýetlidigini aýan edýär.

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle