JEMGYÝET

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana geldi

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana geldi.

Aşgabada iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.

Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanlaryny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent”  myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Aziýa-Ýuwaş Umman sebitiň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli dialog Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar.

Ýene-de okaň

Ýaş alymlar sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri