JEMGYÝET

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikler boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrar.  2022-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Koreýanyň 13-nji Prezidenti bolan Ýun Sok Ýol 10-15-nji iýun aralygynda Merkezi Aziýanyň 3 döwletinde – Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda saparda bolar.

Prezident Ýun Sok Ýol Merkezi Aziýa döwletlerine amala aşyrýan döwlet saparyny Türkmenistan başlaýar. Koreýanyň Prezidenti 10-11-nji iýunda Türkmenistanda saparda bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejede gepleşikler geçirer.

Prezident Ýun Sok Ýola Merkezi Aziýa döwletlerine amala aşyrýan döwlet saparynda oňa ýanýoldaşy, birinji hanym Kun Kun Hi hem ýoldaşlyk eder.

Prezident Ýun Sok Ýol we ýanýoldaşy, birinji hanym Kun Kun Hi Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýar we hormatly myhmanlaryň seýilbagynda agaç nahaly oturdar.

Şeýle hem Prezident Ýun Sok Ýol saparynyň ikinji gününde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri bolan işewürleriň gatnaşmagynda geçiriljek işewürler forumynda çykyş eder.

Mundan başga-da, Prezident Ýun Sok Ýoluň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Aşgabada saparyny tamamlap, Prezident Ýun Sok Ýol 11-13-nji iýunda Gazagystanda, 13-15-nji iýunda bolsa, Özbegistanda saparda bolar.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri