Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjak Medeniýet günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn iş duşuşyklaryny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Medeniýet günleriniň ilkinji gününe meýilleşdirilen çärelere turuwbaşdan ýokary ruhubelentlik, işjeň häsiýet mahsus boldy. Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahat dostlukly ýurduň wekillerinde, şol sanda koreý habar beriş serişdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň umumadamzat edebi mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, onuň halal ýaşamagy ündemekde, adamy dogry ýola gönükdirip, belent maksatlara ruhlandyrmakda örän gymmatly ruhy baýlykdygy çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada iňlis dilinde gürrüň berýän wideoýazgynyň görkezilmegi, şeýle-de onuň «Türkmeniň» atly meşhur goşgusynyň koreý dilinde okalmagy halkara maslahatyň iň täsirli pursatlaryna beslendi.
Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi-de dostlukly ýurduň wekillerinde uly gyzyklanma döredip, olar üçin türkmenistanly sungat ussatlarynyň döredijiligi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik boldy.
Türkmen-koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti tomaşaçylara ruhy lezzet paýlap, medeniýetiň we sungatyň halklary dostlaşdyrýan hem-de jebisleşdirýän uly gymmatlykdygyny ýene bir ýola äşgär etdi.