TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşi döredildi

2020-ni ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle  hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onlaýn görnüşde geçen duşuşygyň işine Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary,  «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik missiýalaryň wekilleri we Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat. Munuň çäklerinde taraplar Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Işewürler Geňeşini döretmek barada koreý tarapynyň başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy hem çykyş etdi. Öz çykyşlarynda Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn we ynamly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, işewürleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ähli ugurlar boýunça, şol sanda arbitraž, syýahatçylyk we senagat taslamalaryny amala aşyrmak meselelerini öňe sürdüler.

Duşuşygyň ahyrynda «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşini» döretmek hakyndaky Ähtnama elektron görnüşinde gol çekildi.

Ýene-de okaň

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

«Gyzyl kürte» filmi Gazagystanda görkeziler

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Awtomobil: Ýygymlaryň möçberleri üýtgedi

Baş Redaktor

Türkmenistan Merkezi Aziýa maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle