Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynda koreý kompaniýalary bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklarda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýän iri taslamalar barada pikir alşyldy.
“Türkmenistan” gazetindäki habaryna görä, şol taslamalaryň arasynda:
- Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering», «LX International Corp.» we Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýalarynyň bilelikde Balkan welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, dizel we nafta suwuk ýangyjyny öndürjek zawodyň gurluşygynyň;
- «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasy tarapyndan Balkan welaýatynda tebigy gazdan ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge mümkinçilik berjek zawodyň gurluşygynyň;
- ýene şol kompaniýa tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürjek desganyň gurluşygynyň;
- «Hyundai Corporation» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana awtoulaglary, şol sanda elektrobuslary we elektromobilleri ugratmak;
- «OmniSystem» kompaniýasynyň ýurdumyzy ýaşaýyş jaýlarynda we şäherlerde ulanylýan «akylly» hasaplaýjy sanly ulgamlar bilen üpjün etmek ýaly iri taslamalar bar.