TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Koreý işewürleri bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalary ara alyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy koreý işewürleri geçiren duşuşyklarynda türkmen şäherleriniň täze keşbini döretmekde Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda örän iri şähergurluşyk taslamasynyň — Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy. Bu toplum özüniň tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça köp babatda özboluşlydyr, düýbünden täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. Mundan başga-da, ýene bir örän iri «Aşgabat-siti» taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. Bu taslama onlarça müň adam üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, sowma ulag ýollarynyň, giň ekologik zolaklaryň, ilatyň dynç alyş hem-de aň-bilim merkezleriniň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Biz «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasynyň bu taslamany amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini bilýäris hem-de onuň meýillerini goldaýarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda iň täze tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri esasynda şäher gurluşygyny döwrebaplaşdyrmak işinde hyzmatdaşlyk etmäge beýleki koreý kompaniýalaryny hem çagyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juň Won-Ju bilen duşuşdy. Duşuşykda kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň iri şäherleriniň bu ugurda toplan tejribeleriniň ulanylmagynyň iki tarapa hem peýdaly boljakdygy bellenildi.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň ýanaşyk çäkleriniň desgalarynyň gurluşygynda sanly ulgamlaryň we “akylly” şäher tehnologiýalarynyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Bu babatda Koreýa Respublikasynyň bu ulgamda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň “Hyundai Engineering”, “Jies” koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň biriniň häkimi bilen geçiren duşuşygynda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, “akylly” şäher konsepsiýasynyň wezipelerini çözmek hem-de Türkmenistanda bu ulgamda başy başlanan taslamalara gatnaşmagyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle