TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Köpetdagy” Barselonada kabul eden “Aýaks” hakynda…

Teatr taryhyny yzarlasak uzak Rime baryp ýetýänçäk ýol sökmeli bolýas. Antik döwrindäki Rim sahnalary biygtýar göz öňimize geliberýär. Bu elbetde teatrdaky spektakllar hakynda şeýle. Ýaşyl meýdandaky Futbol spektakllary hakynda oýlansak welin taryh bizi bägüller ýurdyna çenli alyp gider.  Futboldaky ajaýyp usullaryň watany Niderlandiýa diýsem ýalňyşmasam gerek. Nädip diýýäňizmi?. Çünki Niderlandiýa futboly ýewropada islendik bir tilsim içgysma ýagdaýa gelip lenji çykan wagty, uly sahna çykyp,  täzeçe tilsimleri tutuş ýewropa hödirläp bilýän futbol. Onuň saýlan ýoly şol. Ýigriminji asyrda öz mekdebine eýe bolsada kubok göterip görmediginiň asyl sebäbem şu usuly divsegem bolar. Şonda-da öz usulyndan dänenoklar we ýene ýewropa okuwçy ýetişdirmegini dowam ediberýär (Hatda öz okuwçylary özlerini ýeňse-de). Olar mundan lezzet alýar. .

..Dogry duýdyňyz göz öňiňize “Aýaks” topary peýda boldy gerek. Şu döwriň janly gahrymany Leo Messiniň hut özem dünýä futbolyna ajaýyp täzeligi bagyş eden Kruiff köprisi arkaly Kataloniýa kulubyna gelenleriň biri (belkide soňkylaryndan biri ) hasap edilýär. Dogry ol bu mekdepden çykanlaryň iň ussady ýöne, bir hakykat welin nizemezdir, Messini Ispaniýa getiren Niderland mekdebi, bu şübhesiz. Aýaks mekdebi şeýle bir kämil şekillendi welin, hatda Brazilýa, Argentina ýaly Latin amerikasynyň meşhur oýunçularam ýewropada ornuny tapmak üçin ýüzlenilýän akedemýa derejesine ýetdi. Şol bir wagtyň özinde oýunçulyk döwrini tamamlap, galan ömrini tälimçilige bagyş etjekler üçinem gapysyny giňden açdy. Göýäki şeýle bir kämil mekdep ki, ynsany ömir boýy okatmaga sapak tapyp bilýän derejede…

Käte ýaş oýunçylarynamy ýa şanly netijeleri az bolanynamy salgylanyp köp kärdeşlerimiziň Aýaksa ýaş topar diýäýmesi bar. Bu gün(18- nji martda) ol 120 ýaşady. Dogry, ol indi näçe ýyldyr güýçli bäşlige  ýol almaly ýyldyzlary taýýarlaýar, ýöne haçanan bäri?. Ýatlap bilersiňizmi başarmasaňyz kakaňyzdan, onda-da bolmasa ataňyzdan soraň… Çünki Ataňyz ýaş wagtlarynda hem bardy bu topar we şol döwürem köplere futboly nähili oýnamalydygyny öwretýärdiler. Messi bilen Kriş arasyndaky altyn top paýlanşygyna gabat gelen häzirki döwir, köp ýaş janköýerleri özine çekip biler, emma Aýaks  atamyz döwrinde-de, häzirem öz kärini dowam etýär. Onuň beýikligi şol. Amestradam topary hakyndaky söhbetimize ýene dolanarys elbetde, häzir bolsa gürriňmizi olaryň orta aziadaky ykbaldaşlary bilen dowam edeliň.

Belki şular üçindir-da hemişe “Aýaks” agzalsa göz öňimde “Köpetdag” janlanyberýär. Edil “Aýaksyň”  ýaly “Köpetdagam” öz sebitinde mekdep wezipesini ýerine ýetirdi. Ýewropada täzeçe usulyň düýbi “Amestradama” direýän bolsa orta aziada köp tilsimler “Köpetdagdan” göz baş alýar. Aňk-taňk bolup bolup seretýän ýaşajyk janköýerlerimize ýene ýaňky jogap, kakaňdan sora, isleseň ataňdanam sorap bilersiň. Çünki atalarymyzyň wagtyndada bardy bu gerişi garly gojaman dag. Häli häzirem ýaşulylarymyzyň ýanynda türkmen topary halkara ýaryşda oýnady diseň “Köpetdagmy” diýäýmesi bardyr. Çünki “Futbol” diýen düşije bilen bilelikde aňlara ornaşan “Köpetdag” ady uly nesiliň uly söýgüsine mynasyp bolmany başardy.

Öziniň tälimçilik kärine 1979-njy ýylda “Köpetdagda” başlan Waleriý Kuzmiç Nepomnýaşiý bu ýerde 3 ýyl mekdep geçmek bilen  uly futbola ymykly girişdi. Ilkä ýurdyň ýaşlar ýygyndysy bilen netijei oýun görkezdi. Soň bolsa Kamerun milli ýygyndysy bilen dünýä kubagynda baýrakly orny eýeledi, bu eýýam “Köpetdagyň” dünýä futbolyna bagyş eden ilkinji miweleridi. Tälimçi ondan soňam “Gençlerbirligi” , “Ankaragüji” , “Şanhaý Şenhua”,  “Tom” , “Pahtakor” ýaly meşhur toparlarda , şeýle hem Özbegistan milli ýygyndysynda hem tälimçilik işini alyp bardy. Nepomnýaşiý nirede işlesede öz aýratynlygyny saklap bilen hünärmen, bu-da göniden göni “Köpetdag” mekdebiniň okuwy esasynda diýsek ýalňyş bomaz.

Ýaşlygyndan “Köpetdagyň” terbiýesini alan ýene bir ussat tälimçi Gurban Berdiýew tälimçilik işine göni Gazagystanda başlaýar, we ol ýerde öz tilsimini ymykly ornaşdyryp bilen tälimçi  türkleriň meşhur “Gençlerbirligi” toparyna ýol alýar. Ondan biraz soňra  tälimçiniň köpimize tanyş bolan rosiýýa syýahatlary başlanýar we şol ýerde-de “Köpetdagyň” uçrumy özini ymykly görkezmäge başlaýar, bu eýýam türkmen mekdebiniň yklym çäginden çykyp dünýä futbolyna sapak berip başlan döwridi elbetde. 2009-njy ýyl çempionlar ligasy takdyr tilsimi esasynda biziň getiren meňzeş mysalymyzy garşylaşdyrdy oturyberdi. Ýagny “Aýaks” mekdebinden ätlän Messi we Amestradam mekdebiň täsiri bilen oýnaýan “Barselona” öz meýdanynda  Aşgabadyň “Köpetdag” toparynyň uçrumy Gurban Berdiýewiň tälimçilik etýän Kazanyň “Rubin” toparny kabul etdi. Şol ýerde-de aziada we ýewropada çempion bolup gören ildeşimiz tutuş dünýä futbolsöýijierini haýrana goýup ýeňiş gazanmany başardy. Biz ýokarda “Aýaks” tarapyndan aram-aram ýewro futbola täzelik bagyş ediýänini aýdan bolsak. Barselonadaky ýeňiş “Köpetdagyň” azia futbolyna bagyş eden täzeligidi ebetde. Gurban Berdiýew Ibrogimowiçiň gol geçiren oýnunda Messiň topardaşlaryny ýeňmegi başardy. Ol yklymda ilkinji bolup “Barselonany” Barselonada ýeňip bilen tälimçi bolyp bellige alyndy. Asyla dünýä futboly üçin 90 minutlyk sapak diýsegem gelişmän durmazdy bu oýuna. Ondan soňam türkmen toparynyň uçrumlarynyň halkara meýdanda adygan ýerleri az bolmady, Dimitriý Hamuhanyň Rossiýa ýaşlary bilen dünýä kubagyndaky şowly netijesini aýtjakmy, ýa bolmasa Täçmyrat Agamyradow tarapyndan azia yklymyna täzeden getirilen bir çyzykly gorag taktikasy we şol taktika bilen çempionlar ligasynyň ýarym finalyna barylşyny gürriň etjekmi umuman bularyň hersi bir giden dessan. Şonuň üçin yklymybaşga ykbaldaş toparlaryň umumy meňeşliginiň esasylaryny agzamak bilen çäklenmegi makul bildim.

Ýeri gelende aýatsak edil häzirki wagtda öz çempionatynda25-nji turda soň) “Aýaks” birinji orunda barýar. Içeri Işler Ministirliginiň “Köpetdag” toparam( üçinji turdan soň) 7 utuk bilen birinji orunda barýar. Janköýerler köpden bäri “Köpetdagy” birinji basgançakda görmändiler, şonuň üçin paýtgtyň bu toparyna ýeňişler dowamly bolsun diýesimiz gelýär.

Sözümiziň başyny “Aýaksdan” başlapdyk we ýene Amestradam stadionyna dolanýas, binanyň öňinde “1995-nji ýyl entek kän gezek gaýtalanar”diýen ýazgy bar.  “Ýohan Kroýf Arena” ýenede Aşgabat toparyny ýatlatýar 1995 nji ýylda Türkmenistanyň çempiony Içeri Işler Ministirliginiň “Köpetadag” topary bolypdy.

Ýubleý ýaş gutly bolsun “Aýaks”, ýeňişler dowamly bolsun “Köpetdag”

 

Merdan Baýat.     Aşgabat  2020, 19.03   04:20

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle