JEMGYÝET

Köp ýyldan soň tapylan el torbasy

1957-nji ýylda ýitirilen gyzyl reňkdäki el torbasy ABŞ-nyň Ogaýodaky demirgazyk Kanton orta mekdebiniň diwaryndan tapyldy. Ony bir gyz 63 ýyl mundan ozal ýitiripdi. Ogaýodaky demirgazyk Kanton orta mekdebiniň garawuly Ças Paýl geçen ýyl mekdepde geçirilen abatlaýyş işlerinde bir tekjäniň arkasynda gyzyl el torbanyň gysylyp galandygyny gördi. Torbanyň içini göz gezdirenden soňra bu torbanyň bir mahallar bu mekdepde bilim alan Patti Ramfola degişlidigi mälim edildi.

1957-nji ýylda el torbasyny ýitiren Ramfola 2013-nji ýylda aradan çykypdyr. Muňa garamazdan, mekdebiň ýolbaşçylary onuň çagalary bilen habarlaşyp, el torbasyny olara gowşurypdyr.

Pattiniň 5 çagasy ejeleriniň torbasyny bilelikde açdylar.  Torbadan ejesiniň ýaşlygyna degişli  birnäçe kartlardyr ak-gara suratlar, şeýle hem 1950-nji ýyla degişli ýadygärlik suratlar çykdy.  Şeýle hem torbada 1956-njy ýyla degişli ýokary okuw futbol rejenamasy we 26 sent bar eken.

Ramfola 1960-njy ýylda  mekdebi tamamlap, mugallymçylyk kärinde işläpdir. Ol 1980-nji ýylda G.Mişel bilen durmuş gurupdyr.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar