TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Köp sanly täze türkmen-rus resminamalaryna gol çekildi

Şu gün Moskwada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm resminama — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekildi.

Düýn — 9-njy iýunda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Moskwada rus kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň jemleri boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapyndan şübheli maliýe amallaryny amala aşyrmagyň öňüni almak, ýüze çykarmak we ýok etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Russsiýa Federasiýasynyň Merkezi bankynyň arasynda Bank gözegçiligi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrliginiň arasynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Russiýa demir ýollary» açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «RDÝ Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara we üstaşyr ýük gatnawlaryndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama bar.

Bulardan başga-da,

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ministrliginiň arasynda gurluşyk pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekildi.

YLYM WE BILIM UGURLY YLALAŞYKLARY 

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Astrahan döwlet uniwersiteti» ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmen oba  hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi bilen «Şalyçylyk federal ylmy merkezi» federal döwlet býujet ylmy edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen A.N.Kostýakow adyndaky Bütinrussiýa gidrotehnika we meliorasiýa ylmy-barlag institutynyň arasynda ylmy-barlag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk bolsa bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

SEBIT HYZMATDAŞLYK YLALAŞYKLARY

Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan şäheri» munisipal guramasynyň administrasiýasynyň arasynda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasynda doganlyk  gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi bolsa iki ýurduň goňşy sebitleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýete eýedir.

 

Türkmen-rus haryt dolanyşygy 45 göterim ýokarlandy

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle