TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Köp funksiýaly stol çyrasy

“Xiaomi” kompaniýasy “Xiaobai” firmasy bilen bilelikde döredilen täze iş stol çyrasyny hödürledi. Bu iş stol çyrasynyň, beýlekilerden üýtgeşik sebäbi onuň içinde gizlin wideo kamera ýerleşdirilen. Täze çykan tehnologiýa çagalar üçin niýetlenendir, sebäbi ene-atalar çagalaryna uzakdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu çyra stoluň üstüni 150° gradus bilen ýagtylandyrýar we onuň beýikligini we burçuny islegiňe görä sazlap bolýar. Enjamyň içinde adamynyň gözüni goramak üçin ýörite funksiýalar ýerleşdirilen. Şeýle hem bu iş stol çyrasynda ýörite mikrofon we ses beriji ulgamlary bar. Munuň üsti bilen onlaýn arkaly ähli wideo jaňlary amala aşyryp bolar. Mundan daşary hem onlaýn okuw maksatnamasyna uly hemaýat berer.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle