TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Köne traktorlaryň aşygy

Angliýaly Paul Rekhem köne traktorlaryň kolleksiýasyny döretmek bilen meşgullanýar. Onuň ýygyndysynda häzir dürli ýyllarda dürli kompaniýalar tarapynadn döredilen traktorlaryň 230-sy bar. Olaryň käbiri bolsa dünýäde ýeke-täk nusgada galan traktorardyr.

79 ýaşly kolleksioner bu işe mundan 25 ýyl ozal başlady. Onuň traktorlarynyň iň gadymkysy 1916-njy ýylda, iň täzesi bolsa 1970-nji ýylda öndürilen. Toplumda «John Deere», «Ford», «Allis», «Chalmers», «Field Marshal» ýaly kompaniýalar tarapyndan öndürilen traktorlar bar.

Onuň toplumyndaky traktorlaryň biri amerikan esgerleri tarapyndan ulanylypdyr. «Holt 75» diýlip atlandyrylýan bu traktor häzir ýeke-täk nusgada, diňe angliýaly kolleksiýaçyda galdy.

Ol diňe bir köne traktorlary ýygnamak bilen meşgullanman, hyrydary tapylan käbir traktorlary sataýýar hem. Ýöne onuň ýygyndysyndan traktor satyn almak üçin 1 million pounddan gowrak serişdäni harçlamaly bolýar.    

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasy: Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaşymyz

Teswirle