TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Kompýuterleriň biziň durmuşymyz bilen gönüden – göni bagly bolmasy bu günki gün adamzadyň durmuşyny düýbünden özgertdi. Häzirki zaman kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Kompýuter üçin islendik dilde islendik programma ikilik ulgamynyň iň ýönekeý “maşyn” dilinde düzülýär. 1868-nji ýylda ýazuw maşynlary üçin oýlanyp tapyldy. Häzirki zaman kompýuterine meňzeş ilkinji şahsy noutbuk 1982-nji ýylda döredildi; “Windows”-y esaslandyryjy Bill Geýts aslynda Stiw Jobsyň “Apple” kompaniýasynda işleýärdi. 1985-nji ýylda häzirki wagtda iň meşhur operasiýa ulgamy bolan ilkinji “Windows”-yň döredilmegi kompýuteriň taryhyny uly üstünliklere ätlejek ilkinji basgançaklaryň dabarasyna çykardy. Dogrudan hem wagtyň geçmegi bilen kompýuterleriň kämilleşmegi, gazanylan üstünlikleriň boş ýere däl- de eýsem, gelejege, ösüşlere bir goşant goşjak bir ýere jemlenjek tehnologiýalar “öýjügini” emele getirdi. Kinofilmlerdäki ilkinji kompýuter grafikasy “Star Wars 2” filminde ulanyldy. Munuň özi kinofilmleriň durkuny täzelemek üçin görülen taýýarlyklara mysal bolup bildi. Ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny düzmekliginiň ulgamy hem-de okuw meýilnamalaryny düzmekligini kämilleşdirmek mümkinçiligi hem häzirki döwürde kompýuterler arkaly amala aşyrylmagy ösen tehnologiýalar zamanynyň hem sungatdaky orny, hem bilimdäki orny bilen mysallara ýüzlenmäge mümkinçilik bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny düzmekliginiň prosessiniň netijeliligini ýokarlandyrmak. Kompýuter tehnologiýalaryndan okatmak, ol ugur boýunça ýörite dersleri ugrukdyrmak hem ilkinji üstünliklere ýetirdi. Häzirki zaman ösen tehnologiýalar zamanasynda emele gelen kompýuter giňişligindäki işjeňligiň hem gadyry artdy. Kompýuterde işlemäge bolan höwes bolsa, ýokarlandy.

Okadylýan dersleriň sanawy durnukly bolan orta mekdepler bilen deňeşdirilende ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar. Täze dersleri tejribede öwrenmek we özleşdirmek üçin kesgitlenen wagt örän çäklidir, şol sebäpli hünärmenleriň köpüsi bilimiň mazmunyny modelirlemegiň usullaryň üsti bilen öwrenmekligi maslahat berýärler. Şeýlelikde kompýuterleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak, häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaga kömek berdi. Bular ýaly struktura modeli okuw prosessini doly ýagdaýda beýan etmeklige ukyplydyr. Modelirleme çemeleşmesi okuw prosessini çylşyrymly dinamiki ulgam hökmünde kabul edip, maglumatlary işlemekligiň tehniki serişdelerini ulanmaklygyň üpjün edýän uly mümkinçiliklerini hasaba almaklyga ýardam edýär.

Mekan Ýollyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň

3 MITDAU “Ç” toparynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle