TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Kompaniýanyň özboluşly harytlarynyň biri bolar

Ýakynda Hytaýyň köpugurly elektron harytlaryny öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan ZTE täze akylly telefonyny alyjylara hödürlär. Kompaniýanyň özboluşly önümleriniň biri boljak “Axon 11 SE”  akylly telefony iýun aýynyň 1-ine tanyşdyrylar. Bu dabara adatdakylar ýaly däl-de onlaýn görnüşde alnyp barylar. “Axon 11 SE”   akylly telefony barada maglumaty kompaniýanyň resmi saýtyndan hem-de “YouTube” kanalynda goýuljak wideo arkaly müşderiler tanşyp bilerler. Akylly telefonyň yzky kamerasy 64 megapiksele barabar bolup, selfi kamerasy hem ýokary hilliligi bilen tapawutlanar. Ol birnäçe özboluşly, göze gelüwli reňkler bilen alyjylara ýetiriler.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle