JEMGYÝET

Köke 3 ölçegli gözegçilik

Ösümlikleriň sagdyn ösmegi, ilkinji nobatda, olaryň köküniň sagdynlygyna bagly. Awstraliýaly alymlar bolsa kökleriň ösüşine üç ölçegli gözegçilik edip boljakdygyny subut etdiler.

Günorta Awstraliýa uniwersitetine degişli Bilim we tehnologiýa institutynyň alymlary oýlap tapan gurluşy bilen ösümligiň köküniň ösüşine üç ölçegli gözegçilik edip, gerek bolsa, ony ýazga düşürip bilýärler.

Kök yzygiderli ösüşde. Şonuň üçin hem onuň ösüş ýagdaýyny adaty mikroskopda görmek mümkin däl. Şonuň üçin hem alymlar üç ölçegli gözegçiligi oýlap tapdylar. Olaryň aýtmagyna görä, bu gurluş kökler barada ylym dünýäsine henize çenli belli bolmadyk täzelikleriň üstünden hem baryp biler.

Ulgam floresan we lazer şöhleleriniň birleşmesinden ybarat. Täze mikroskop has kiçi gurluşlara gözegçilik etmäge-de mümkinçilik berýär. Bu ulgamyň üsti bilen ýeriň dartyş güýjüniň köklere täsirini hem öwrenmek mümkin.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi