TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Köfteli çorba

Gerekli önümler:

300 gram üwelen et

1 sany sogan

1 sany käşir

2 diş sarymsak

1 sany ýumurtga

2 nahar çemçesi un

1 käse inçe tüwi

Duz, paprika, gara burç

Köfteleri bulamak üçin: 1 käse un

Marinirlemek üçin: 1 sany ýumurtga sarysy

2 nahar çemçesi gatyk

Limonyň suwy

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen, ähli ingredientleri we inçe tüwi goşup, ýugrup köfte taýýarlaň. Geliň soňra, bir gaba un sepişdireliň, köfteleri hozuň ululygynda togalap, gabyň üstünde goýalyň. Gazana dogralan käşir, suwuk ýag we azajyk pomidor pastasyny (tagam goşmak üçin) gowurmaga goýalyň. Birneme gyzaran soň, üstüne gaýnag suw guýup, gaýnatmaga goýalyň we iň soňunda köfteleri gazana atyp, bişirmäge goýýarys. Aşagyny öçürmezden 5 minut öň ýumurtga sarysyny, gatyk we limony naharyň içine goşup garyşdyralyň.

Işdäňiz açyk bolsun!

 

Almaly tort

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle