TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Kofe we palma ýagy boýunça ministrlikler döredilýär

Papua-Täze Gwineýa döwletiniň hökümeti Ministrler Kabinetiniň düzüminde täze ministrlik döretdi. Bu ýurtda Kofe we palma ýagy boýunça ministrlikler döredildi. Bu barada “New Zealand National” radioýaýlymy habar berdi.

Berlen maglumata görä, ýurtda geçirilen ählumumy parlament saýlawlaryndan soňra düzülen täze hökümetiň düzümine 32 ministr girdi. Täze döredilen pudak edaralary – palma ýagy we kofe boýunça ministr wezipelerine degişlilikde Fransis Maneke we Jo Kuli bellendi.

Ýurduň hökümeti täze ministrlikleri bu iki önüminiň ýurduň eksportunda möhüm orny eýeleýändigini nazarda tutup döretdi. Täze döredilen pudak edaralary bu önümleriň önümçilikleriniň giňeldilmegi we ösdürilmegi üçin degişli işleri ýola goýarlar.

Papua-Täze Gwineýada 2022-nji ýylyň 2-22-nji iýuly aralygynda parlament saýlawlary geçirildi.

ýurtda kofe önümçiligi kiçi oba hojalyk fermalar tarapyndan öndürilip, olaryň hasyly ýurduň önümçiliginiň 85 göterimini düzýär. Oba hojalygy we maldarçylyk departementiniň  maglumatyna görä, kofe önümçiligi ýurduň ilatynyň 2 milliona golaý adaymynyň girdeji çeşmesidir.

Kofe ýurduň palma ýagyndan soňra iň köp öndürilýän we eksport edilýän ikinji oba hojalyk önümidir. Ýurduň oba hojalyk eksportunyň 27 göterimi we jemi içerki önümiň 6 göterimi kofeniň paýyna düşýär.

Palma ýagy bolsa Papua-Täze Gwineýanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk önümidir. Onuň paýy 40 göterim bolup, ýyllyk 1,2 milliard kronlyk girdeji getirýär.

Ýene-de okaň

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Wise-premýer M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle