TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Klopp Primer Liganyň taryhyna girdi

Mälim bolşy ýaly, Primer Ligada Liwerpul topary möwsümiň gutarmagyna 7 hepde galanda çempionlygyny yglan etdi.  Iň soňky sapar 1990-njy ýylda çempion bolmagy başaran Liwerpul soňky 30 ýylyň içinde hiç hili çempionlyk gazanyp bilmedi. Emma muňa garamazdan bu möwsümde ol 30 ýyllyk hasratyna soň berip, çempion bolmagy başardy. Bu bolsa, toparyň tälimçisi Klopp bilen bir hatarda ähli oýunçylary, muşdaklary diýseň begendirdi.

Şu ýerde ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri hem Liwerpul toparynyň tälimçisi Jürgen Klopp Angliýa Primer Ligasynda çempionlyk gazanan ilkinji nemes tälimçisi bolmagy başardy.

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Teswirle