TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kitap okamagyň ähmiýeti

Kitap bu hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Kitap bolmasa biziň taryhymyz hem bolmazdy. “Paýhas çeşmesi” atly kitapda şeýle diýilýär: ”Kitap okamaýan görenini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, ’’Kitap okaýanyň ruhy baý’’, ”Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir”. Bu dana sözlerde örän uly many bar. Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, oňa öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýandyrýan dostdyr. Entäk çaga döwrümizden başlap, kitaby elimize alyp onuň jadyly sahypalaryny dörüp, syrlaryny keşp etmäge başlaýarys. Her bir kitap özünde aýratyn bir many saklaýar we her gezek adama täze zatlary öwredýär. Eger-de adamda sorag ýüze çykanda ýa-da durmuşyň kynçylyklary bilen ýüzleşende ol çözgüdini kitapda gözleýär. Kitap islendik gurşawda adamlary birikdirýän söhbetdeşlik bolup biler. Olaryň saýasynda biz öýden çykman durup özümizi dünýäniň islendik ýurdunda syýahat edýän ýaly ýa-da taryhyň islendik wagtyna dolanyp, şol gurşawy göz öňüne getirmäge mümkinçiligimiz bar. Bu bolsa adamyň hyýal-düşünjesini ösdürmäge ýardam berýär. Ösümlige suw berdikçe ösmäge, gögermäge başlaýar. Kitap hem hyýal üçin suw bolup hyzmat edýär, adam näçe köp kitap okasa onuň hyýal-düşünjesi, dünýägaraýşy şonça-da giňelmäge başlaýar we onda dürli soraglar, täze pikirler döräp başlaýar. Kitap okamak bu – dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň biridir! Ol adamyň elinden alyp bolmajak iň gowy mümkinçilik. Okamak – hakykaty, dogruçyllygy, gözelligi, ynsanlygy gözlemekdir. Adam dünýä inende onuň hiç hili bilimi, söz baýlygy, pikirlenişi, aň-düşünjesi, gözýetimi bolmaýar. Emma durmuşda ýaşap ulaldykça, birnäçe zatlary öwrenýär we munuň esasy sebäbi hem kitap okamakdyr. Köp okan adam diňe ylmy durmuşda üstünlik gazanman, eýsem şahsy durmuşda hem üstünliklere eýe bolýar we çylşyrymly ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykmagy başarýar.

Ýatmazdan ozal kitap okamagyň 5 peýdasy:

döredijilikli pikirlenmegiň ösmegi

ünsüň güýçlenmegi

maglumat gorunyň baýlaşmagy

dartgynlylygyň aýrylmagy

çalt uklamak

Adam boş wagtyny kitap okap, dogry peýdalanmaly. Ýöne ýere telewizoryň garşysyna geçip, oňa seredip oturandan ýa-da telefon bilen meşgullanmak ýerine kitap okap wagtyňy peýdaly geçirmelidir.

Maral Orazmyradowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle