SIZDEN GELENLER

Kitap – gymmatly hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim almaga, ylym öwrenmäge, ýaşlary terbiýelemäge, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ýörelgelerimiziň esasy ugurlarynyň biri hem bilim almak, sowatly bolmakdyr. Çünki pähimdar pederlerimiz bilimli adamlara belent hormat goýupdyrlar, kitap okamagy asylly ýörelgä öwrüpdirler. Hut şonuň üçin türkmen halkynyň şöhratly taryhynda umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşan alymlar kemala gelipdir. Olaryň ýazan kitaplary, ajaýyp eserleri häzirki günlerde hem gymmatly golýazma çeşmesi hökmünde öwrenilip gelinýär.

Gadym döwürlerden bäri taryhy kitaplar, golýazmalar saklanyp galypdyr. Olaryň içinde dilimize degişli bolan kitaplaryň hem, ylmy kitaplaryň hem, çeper döredijilige degişli kitaplaryň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Çünki türkmen ylmynyň taryhyny şol golýazma çeşmeleriň, kitaplaryň üsti bilen öwrenip bilýäris. Görnüşi ýaly, kitap döwürleri birleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda kitaplar diliň baýlygyny özünde jemleýär. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseri diliň taryhynda möhüm ylmy çeşme hasaplanylýar. Şeýle hem bu eserde dilimizde aýdylyp gelýän paýhasly sözler, nakyllar hem beýan edilýär. Munuň özi halkymyzyň ruhy baýlyklaryny öwrenmekde kitabyň uly ornunyň bardygyny beýan edýär.

Kitap deňi-taýy bolmadyk ruhy baýlygymyzy artdyrmakda gymmatly hazynadyr. Ol adamyň aňyny, pikirlenişini ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyz hemişe kitaphanalar bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr.

Her ýylyň 23-nji aprelinde — Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni bellenilýär. Bu baýramçylyk ÝUNESKO tarapyndan ýazyjy, şahyrlara we kitaplara hormat goýmak maksady bilen, 1995-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär.

Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitabyň göz öňünde janlanmagy tebigy ýagdaýdyr. Çünki jemgyýetiň ösmeginde, ynsan gözýetiminiň giňelmeginde kitabyň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze usuly ýola goýuldy. Indi kitaphana gelýän okyjylar özlerine gerek edebiýatlary diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilýärler. Bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Kitap adamlary, jemgyýetimizi kämilleşdirmekde gymmatly ruhy serişde bolmagynda galýar. Ol adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine, biliminiň artmagyna ýardam edýär. Kitap halka bilim berýän, adamzady dogry ýola ugrukdyrýan hazynadyr, her bir halkyň, döwrüň, jemgyýetiň ruhy gymmatlygydyr.

Ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, wepalylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri giňdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik adamlary, medeniýet işgärleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary, alymlar, kitap söýüjiler köpçüligi üçin gapylary giňden açylan kitaphanalar özboluşly täsinlikler dünýäsi hökmünde olary özüne çekýär.

Mekan Öräýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-owgan-serhedinde-galla-terminaly-gurlar/

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir