TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kitap Geçeni, Geljegi Öwredýän Dana

Hakykatdan-da kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Sebäbi kitap okamak aňyňyzy ösdürer.

Lukmançylyk ylmy – barlag işleriniň berýän maglumatlaryna görä köp keselleriň başlangyjy bedeniň hereketsizliginden, sagdyn pikirlenmegiň ýuwaşlamagyndan hem-de ýaltalykdan emele gelýär. Bedendäki hereketsizlikler wagtyň geçmegi bilen agyryp ejizleýişi ýaly pikirlenmäniň we aňyýetiň ösdürilmezligi beýniniň öýjüklerini küteldýär.

Iň soňky sapar haçan kitap okadynyz? Ýa-da kitap okamagy endik edindiňizmi? Eger-de jogabyňyz “Hiç okamadym” ýa-da bolmasa  “Ýok, endik edinmedim” ýalyrak bolsa onda ine size iň gysga wagtda kitap okamaga itergi beräýjek 9 sany sebäp:

  1. Kitap okamak ýatkeşligiňizi artdyrar. Adaty ýagdaýda kitap okamaklyk aklyňyzyň hemişe işeňňir bolmagyna getirer, ýatkeşligiňizi artdyrar we sizi garrylykdaky hassalyklardan gorar.
  2. Aň we akyl taýdan pikirlenmegiňizi kuwwatlandyrar. Kitap okaýarkaňyz maglumatlaryň ýa-da hadysalaryň dowamyny, netijesini öňünden oslamak, utgaşdyrmak, seljermek ýaly böleklere bölüp pikirlenmek ukybyňyzy kuwwatlandyrar.
  3. Dartgynly pursatlardan halas eder. Haýsy wezipede işlesenizem, näçe şowsuz ýagdaýda bolsaňyzam gyzykly kitap dartgynly pursatlardan halas eder. Ylmy-barlaglar kitap okamagyň gan dolanyşygyny ýuwaşladýandygyny, ýürek uruşyny kadalaşdyrýandygyny we okaýany rahatlandyrýandygyny subut etdi.
  4. Ünsüňi jemleme ukybynyňyzy kämilleşdirer. Kitap okanyňyzda ünsüňi jemlemäniň ýeke-täk ýoly maglumat bilen aňyň utgaşmasyny ikitaraplaýyn meşgullanmagy oňarmakdyr. Şeýle meşgullanma sizi daşky älemden tiz goparar, munuň yzygiderli gaýtalanmagy bolsa size üns jemleme endigini gazandyrar. [2]
  5. Ynamly, ugurtapyjy hem-de abraýly eder. Ynam güýçdir. Dowamly kitap okamaklyk size täze maglumatlary, hadysalaryň görünmeýän taraplarynyň aýdyňlanmagyna, durmuşda duş geläýjek meselelerde ugurtapyjy häsiýetde hereket etmäge gönükdirer. Okap öwrenenleriňizi başga adamlara aýdanyňyzda sizi diňleýändigini, size ynanýandygyny we size hormat goýýandygyny görersiňiz. [3]
  6. Söz hazynaňyzy we dilewarlygyňyzy baýlaşdyrar. Okamak size gündelik ulanýan sözleriňize täze sözler gazandyrar. Näçe köp kitap okasaň şonça-da köp söz baýlygy, näçe täze sözleri öwrenmek şonça-da manyly we saldamly gürlemek diýmekdir. Söz baýlygyňyz size dilewarlyk ukybyňyzy kämilleşdirip meseläniň anyk, takyk, gysga, manyly beýan etmäge, garşyňyzdakylary ýadatman gürlemäge, düşündirmäge ýardam berer.
  7. Ýazuw-beýan ediş kadalaryňyzy berkider. Okaýan her bir kitabyňyzyň aýratyn beýan ediliş usuly bardyr. Birnäçe kitaplardaky beýan ediliş usullary size edebi ýazuw kadalaryny öwreder. Sözlemlerde sözleriň nähili ulanylmalydygyny, meseläniň iň gysga we jaýdar sözler bilen nähili beýan edilmelidiginiň tejribesini artdyrar.
  8. Tölegsiz dynç alyş we lezzet döreder. Hiç-hili harajat etmezden kitaphanalara gidip ýa-da bolmasa kitap eýelerinden wagtlaýyn sorap maglumat eýesi bolup bilersiňiz. Öwrenenleriňiz size tölegsiz dynç alyş döreder, rahatlandyrar. Boş wagtlaryňyzy bihuda geçirmän okamaklyk duýgusy durmuşyňyza lezzet goşar.
  9. Durmuşda terketmeýän dostuňyz bolar. Ürç edip okanlaryňyz siziň ýadyňyzda galyp asla sizi terketmez utgaşdyran tejribäňiz siziň wepaly dostuňyz bolar.

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle