Kitabyň özboluşly ysy hakynda…

Belli bolşy ýaly, ähli kitaplaryň hem özboluşly ysy bar: sahypalardaky täze tipografiki syýa, ondaky boýagdyr-reňkler, köne we gadymy kitaplardaky özboluşly ys…

Bu ýagdaýa nämeler sebäp bolýarka? Şeýle soraglara jogap tapmak üçin birnäçe gözlegler alnyp baryldy we bu ysyň täze we köne kitaplarda düýpgöter başgaçadygy anyklandy

Döwrebap täze kitaplaryň ysy

Häzirki wagtda kitaby taýýarlamak üçin birnäçe birleşmelerden, himiki maddalardan köp peýdalanylýar, şol sebäpli-de häzirkizaman neşirleriniň hemmesi birmeňzeş däl. Ulanylýan birleşmeler, himiki maddalar birnäçe tapgyrda ulanylýar. Adatça kagyz agaçdan, pagtadan öndürilýär. Ondaky sellýulozany çişirmek, süýümlere bölmek üçin kaustik soda (NaOH) bilen işlenilýär. Soňra wodorod peroksidi bile süýümler agardylýar. Goşulýan käbir madalar reaksiýa berýär ýa-da durnuksyz organiki birleşmeleri howa bölüp çykarýar, bu bolsa taýýarlanan kitapda ysyň döremegine getirýär. Kitap taýýarlamakda ulanylýan boýaglar we ýelim hakynda şeýle zatlary aýtmaklyk bolar.

Köne kitaplaryň ysy

Gadymy kitaplaryň ysy has-da başgaça bolýar, bu boýunça geçirilen gözlegler has hem köpdür. Olarda ýüze çykýan özboluşly ys kagyzyň düzümindäki organiki we beýleki birleşmeleriň ýok edilmeginiň netijesidir. Şeýle-de kagyz öndürmekde peýdalanylýan agaçlaryň düzüminde saklanýan lignin maddasy sellýuloza süýümlerini baglanyşdyrýar. Wagtyň geçmegi bilen ol kitap sahaplarynyň sary bolmagyna sebäp bolýan kislotalara dargaýar. Bu hadysa “kislota gidrolizi” diýilýär. Şol sebäpli döwrebap hilli kagyz önümçiliginde mümkin boldugyça lignin maddasyny aýyrmak ugrunda tagallalar edilýär. Köne kitaplaryň ysyny emele getirýän birleşmeleriň biri-de furfuroldyr. Ol çowdary çöreginiň ýa-da badamyň ysy ýaly özboluşly ysly bolup, kagyzyň ýaşyny anyklamak üçin möhüm kriteriý hasap edilýär. 1800-nji ýyllardan soň çap edilen kitaplar furfuroly has köp bölüp çykarýandygy anyklandy. Iňlis alymlary kitaplaryň ysyny medeni mirasyň bir bölegi hasaplamagy öňe sürýärler we bu ugurda köp sanly gözlegleri geçirdiler. Şeýle-de alymlar taryhy muzeýlerde “geçmişe doly çümmek” üçin özboluşly taryhy yslary döretmegiň möhümdigini nygtaýarlar.

Täsin önümçilik

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen kitap ysly atyr önümçiligi-de ýola goýuldy. Şeýle atyry döretmek pikiri kitaplara aýratyn sarpa goýýan we 300 müň neşirden ybarat şahsy kitaphanasy bolan moda dizaýneri Karl Lagerfelda degişlidir. Şeýle-de ol kitap gutusy görnüşinde ýasalan gabyň içinde ýerleşdirilen atyryň hem dizaýneridir. Bulardan başga-da dürli dünýä meşhur kompaniýalar we dizaýnerler tarapyndan şeýle ysly atyrlaryň täsin önümçiligi ýola goýuldy. Mysal hökmünde, “Paper Passion” atyryny aýtmak bolar. Şeýle özboluşly ysly atyrlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly gyzyklanma eýe bolmak bilen, oňa bolan isleg hem artdy.

Akyl-paýhasyň çeşmesi bolan kitabyň özboluşly ysly atyryny sepinmek bilen çäklenmän, onuň many-mazmunyny aňymyza, ruhy dünýämize siňdirip, kitabyň ysynyň diňe bir üstümizden däl-de, her bir sözümizden, edýän söhbedimizden gelmekligi gowulykdan nyşan dälmi näme?!

Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk insitutynyň talyby

 

Amerikan aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri belli boldy

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar